Goze gornup ýetishenson gyz halky, gulup oýnap gezmage ýok haky, barly ýerden:baýdan,beginden,handan sawçy gelip bashlar o ýandan-bu ýandan alandan son gelýanlerin habaryn, sorarlar duýpluje tanshy bar ýerin, diýerler nesiban bolsa ýetersin, gaýdyp ýene-de bir habar tutarsyn, dernarler nahilli kowmun-tiresin, iglik-gulluk sonam boýun gowresin azajyk goz ýetse bir shikesine, gelme diýip,ýol taparlar dessine, gowun ýetse,bar zadyna ýerbe-ýer, guýjun bolsa diýrler:durma,geliber! Kesmek u.n gyzyn malyny uly ýygnanshyp gelerler 4-5 ýashuly. Gyz atasy çagyr kowum-gardashyn ýash uly,ýash kiçi ýakynyn dashyn, ikiýan geliship çaý-paý içerler, ýuzden-ýuzden gyz galynyn biçerler sanarlar ummasyz beterden-beter, ýukçi bolsan diýrler bes indi göter guýçsiz bolsa "çak ýetmez" diýip aýdarlar ýuwash-ýuwash pessaý urup gaýdarlar, diýerler eshitdik gyzyn bahasyn, hany mundan aýyrýanyz naçesin aýtdyk biz hemmeje bahan çen-çakyn, indi siz aýdaýyn naçe boljagyn iki ýandan çekeleship bashlarlar, tuýs keýpden çykyp gowun hoshlarlar, gelenler kem-kemden ýokary suýner, gyz taýy howlukman pessaýlap iner, bir ýany diýr o bolmasyn bu bolsyn ýok o bolmaz,o bolmasyn,bu bolsun ertirden agshama iki ýan tartyp, barlyshyk ýasharlar bir çene eltip agzasharlar hemme halat serpaýyn goýun,tüwi,baryn gandyny,çaýyn, mal geçirmek u.n sahedin bellap, gaýdarlar bar zadyn ýerbe-ýer tellap gyz otyr dash çykman bashga bir öýde, gaýgyly,hasratly muñ hili köýde, kaýinip bir ozi ertenip-bisher, guýçli üýshýan ynjy ýüregne dusher, atam-enem meniñ ishim gorýarler, tanalmaýan bir ýat ýere berýarler, men pahyr bir boýny bagly goýun-la, satyljagma dogaly gun boýun-la, ýokmy mana oz obamda hyrydar, bagtym gara daldir, ozum bir myrdar, aýtsalardy annamyrada gel-ä, meni aljak oñat ýigit ýok dal-ä, "razymy,razy dal?"-menden sorýan ýok, sowda eýýam bishdi,gutardy bir çak! ýamanlygy ýokdur atam-enemin, dymmakdan bashga ýok alajym menin! (sag bolun!)

Köneler, hakykygyz tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir