Diýdiň sen: “Işçiler nädip oňýarka Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..” Emma welin işçiň günlük baýlygyn Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen. Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok. Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul. Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat, Sen gul! haram puluň elindäki gul! Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr. Sen onuň yzyndan gitmäge derek, Şu günki gazanan puluňy sanap, Ekstra bilen urýarsyň börek. Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň. Men bolsa gazany gapgaryp pitä, Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn Seniň dertli agaň yzyndan eltýän. Sen bolsa şo mahal sanan pulyňy Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden. Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa, Şo mahal müň esse bagtlydym senden. Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün. Duran-duran ýerden ylgady uly il. Sen bolsa “Syrkaw men, işli men…” diýip. Tapyndyň özüňe müň dürli delil. Men bolsa şo mahal egnim tabytly, Dostuňy göterip barýardym öňden. Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa, Müň esse baýdym hem bagtlydym senden! Dileg edip geldi garryja eneň. Bende dilegçi hem däldir-le weli, Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin Azajyk ýetmedik bolarly puly. Sen oňa köneje üclük uzatdyň, Soň başlik uzatdyň kesen dek tenden! Men bolsa şo mahal öz enem bilen Müň esse baýdym hem bagtlydym senden. Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy. Okamak deregine içýäň hem iýýäň. Bir kitap görkezsem saldarlap görüp, “Şuňa näçeräk pul aldyka?” diýýäň. Beýik Magtymgulyň kitabyny hem Özüň däl, getirip beripdir ogluň. Halal, haram hakda okan mahalym – Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolduň. Dogrulyk hakdaky ýekeje söz hem Ýerleşip bilenok pos basan beýnä… Men bolsa her agşam bagrymy berip Puşkina, Pyraga, Nowaýa, Geýnä, Balarysy ýaly şire toplaýan Danalaň dürdäne setirlerinden. Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen Müň esse gurply men, bagtly men senden. Söýgüden doýanok meniň gözlerim. Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan. Köpügiň hasaplap uzynly gije, Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan. Men bolsa şo mahal mele gujakda Her minutda iki ýaşyny ýaşap, Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň Kä lebinden, käte gözünden ogşap - Seniň pulyň sany çen-çekdan çyksa, Meniň posa sanym çykýardy çenden. Şo mahal özüm hem, gelnim, öýüm hem Müň esse baýdyk hem bagtlydyk senden. Her gije, her säher eýmençden eýmenç Gara wakalary görüp düýşüňde, Käte basyrganyp, käte gygyryp, Hiç zatdan gorkmasyz juwan ýaşyňda, Maşyn sesi çyksa, tisginip turup, Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!.. Biz bolsak şo mahal çagalar bilen Gark bolup iň süýji, lezzetli uka, Zähmetiň, söýgüniň eşretin görüp, Nur sorup ýatyrys ertirki günden. Müňläp pulumyz ýok. emma müň esse Baý biz, arkaýyn biz, bagtly biz senden.
Bagtlylyk hakynda
-
handsome1
12 years ago
- halayan gosgulamyn biri
ttmli 12 years ago- awtor kerim gurbannepesow