- Başdaşym Aýjemalym Şeýle bir owadandy. “Sen owadan däl” diýip, Alyp gitdi goşuny. Ikinjim Akjemalym Çalasowat, nadandy, Çatyp bilmän geçirdi Iki sözüň başyny… Üçünjim Güljemalym Baryp ýatan tekepbir, Iki agyz geplesem Çytyp otyr gaşyny. Ber maňa bir maslahat, Indi nädeýin, Ahat? - Başdaşyň Aýjemalyň Şeýle bir görmegeýdi, Gije-gündiz gabanyp, Oýun saldyň başyna. Ikinjiň Akjemalyň Şeýle bir ýönekeýdi, Sen ony akmak saýyp, Öňne atdyň goşuny. Üçünjiň Güljemalyň Tekepbir däl, akylly, Her samsyk gep aýdaňda, Düýrükdirýär gaşyny. Menden saňa maslahat: Azyrak ýaňra, Muhat!
Ahat bilen muhat
-
aysyzgije
12 years ago
- :)
-
Warsaky
12 years ago
- Sag bol yetirenine
-
M1
12 years ago
- bet eken
ttmli 12 years ago- awtor kerim gurbannepesow