Munende shay bolsa tukel esbaby, Tagty-Suleymandyr usti bedewin, Jul eylesen atlas bilen zerbaba, Shonda biarmandyr usti badewin. Dal bedew yigidi yetir myrada, Ajap hosh gorkezer yakyna yada, Bilseniz yaranlar oter dunyade, Dowletli-dowrandyr, usti bedewin. Bedew munen hassa bolsa sag olur, Ceshmi hyra bolup,keypi cag olur, Konli hup acylan taze bag olur, Ajap gulustandyr, usti bedewin. Bedew munen deh diyip girer oyuna, Ony goren gozler ajap soyune, Berip alsan yuz mun duye goyuna, Shonda-da arzandyr, usti bedewin. Men erer men bir bedewin sheydasy, Dunyani eylarem onun pidasy, Bedewi mert munse cohdur peydasy, Namarda zyyandyr usti bedewin. Aleme dolupdyr bedewin ady, Ana her yarashar, etse her zady, Yorip tanymaga yakyny-yady, Bir turpe seyrandyr usti bedewin. Kim munse meydanda ganyma deper, Istese her yerde awuny tapar, Uzak yola eger eylese sapar, Hup daryl-amandyr usti bedewin. Her yigidin asly olmaz zynadan, Olinca elini cekmez gunaden, Seydi diyer, mana ata-eneden, Ajap mahribandyr usti bedewin.

Köneler, sahett tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir