...Üzümiň suwy ýaly owadan gyz mylakatly ýylgyryp, sowal berýärdi, kiçijik depderçesine birzatlar belleýärdi. Özüni alyp baryşyndan, gep-sözünden çen tutsaň, ol tejiribeli, sowadyny çykan žurnalistdi. Näme üçindir, reporter howluganokdy, mümkingadar sepini bildirmezlige çalyşýardy. Gürrüň gitdigiçe gyzyşýardy. Ilki başda howa ýagdaýlary, Deliden özümizde galan täsirler, Gündogar halklaryň folkloryndaky özara golaýlyk, ýumarlar barada söhbet etdik. Soňra ýumarlary toparlara böldük. Mysal üçin, iňlis ýumarynyň inçeligini, nemes ýumarynyň gödekligini, rus hem-de türkmen ýumarlarynyň özbolyşlylygyny belledik. Ýöne gürrüňdeşimiziň ýumar aýdyşmaga gelmändigini bilýärdik. Bu zatlar hälki bir gürrüň başydy. Žurnalist gyz harby temadan ýazýan sowet ýazyjylarynyň adyny tutmagymyzy haýyşt etdi. Ýadymyza düşenlerini sanadyk. Birgiden sanow boldy. Gürrüňimiz şu ýerine ýetende žurnalist gyz öz tarapyna eňip ugrady. -Uruş hakynda beýle ürüç edip ýazmagyňyzyň sebäbi näme? Ondan has gyzykly temalar bardyr ahyryn?
...Magtymguly haýwan bilse balasyn, Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy? (ýa-da-“Sen näme üçin uruş hakda köp ýazýaň”- diýen soraga jogap berjek bolyşym
-
ahah
12 years ago
- 9-njy may yetip gelende hem-de urush barada gurrun bolanda men yadyma dushyan zat yagny biz orta mekdepde okayarkak taryh mugallymym yadyma dushyar(urush wagty 6 yashynda ekeni), sebabi her gezek 9-njy mayda Beyik watanchylyk urshy barada tema gelse dine aglap otyrya, bokurdagy dolup hich zat gurlap bilenok son bizem hich zat soraman oturyadyk umsum bolup son ozi yuwashlyk bn gurrun berip bashlayady, aytjak bolyan zadym ol ejizlikden aglanok on yuregine urshyn salan yarasy henizem bitmandir, aydyshyna gora henizem goz onumden gidenok shol kynchylykly yyllar diyyadi, ondan hich zat soramak gerek dal sebabi diysen urshun nahili bolandygyny onun gozlerinden okabermelidi, aytsan aydyp oturmaly urush barada, goy indi urush diyilyan zat bolmasyn, dine agzybirlik, parahatchylyk bolsun!
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- beh gojan aydan sozlerini diysene.yerine dushen yazgy bolupdyr kop sag bolun yetireninize.
-
vipboy
12 years ago
- bashdan polni izina chenli okap chykdymay.
Merdan aga son izi name bolduka ol fashista wyjzdan dien zady turdumyka? Son gurlapdirme?
-
vipboy
12 years ago
- bashdan polni izina chenli okap chykdymay.
Merdan aga son izi name bolduka ol fashista wyjzdan dien zady turdumyka? Son gurlapdirme?
-
vipboy
12 years ago
- bashdan polni izina chenli okap chykdymay.
Merdan aga son izi name bolduka ol fashista wyjzdan dien zady turdumyka? Son gurlapdirme?
-
vipboy
12 years ago
- bashdan polni izina chenli okap chykdymay.
Merdan aga son izi name bolduka ol fashista wyjzdan dien zady turdumyka? Son gurlapdirme?
-
nlo
12 years ago
- uruşda bolup görmedik adam hiç haçan urşun nameligini bilmez
-
Kamilligetarap
12 years ago
- nlo aga sanga goshulasym gelmanem duranok
-
Kamilligetarap
12 years ago
- nlo aga sanga goshulasym gelmanem duranok
-
1merdan
12 years ago
bashdan polni izina chenli okap chykdymay.
Merdan aga son izi name bolduka ol fashista wyjzdan dien zady turdumyka? Son gurlapdirme?
vipboy | 2012-05-08 04:23:45
wipjan ol bir adaty ofitserä, olar buýrugy ýerine ýetirýär. dogry ol gaty ökünýär, puşman etýär, emma manysy ýogyrak, ulylaryň ýalňyşyndan lerzana gelen dünýäni kiçiler......
-
Kamilligetarap
12 years ago
- nlo aga sanga goshulasym gelmanem duranok
-
Kamilligetarap
12 years ago
- nlo aga sanga goshulasym gelmanem duranok
-
1merdan
12 years ago
uruşda bolup görmedik adam hiç haçan urşun nameligini bilmez
nlo | 2012-05-08 08:58:54
nlo aga sanga goshulasym gelmanem duranok
Kamilligetarap | 2012-05-08 11:03:26
meniň size goşulasym gelenok
-
1merdan
12 years ago
- ..urşy ýatlamak kyn, ýatlamazlyk kyn,
Uruş taryh üçin agyr kyssadyr.
ol ýowuz ykbaldyr ölenler üçin,
A diriler üçin iki essedir.
diýipdirä Ezizow(ýalňyşyrak ýazlan bolsa bagyşlaň)
-
1merdan
12 years ago
uruşda bolup görmedik adam hiç haçan urşun nameligini bilmez
nlo | 2012-05-08 08:58:54
dogry 1merdan görmedi, ýöne ýiten 20 millon halky nädip unydyp biljek, gözüň bilen görmänligiň,kalp bilen gynanmazlygyňa esas bolar derejedemikän?. bar aýdaly merdanjan mert bol, geçen geçipdir diýersiň....
..emma mawzugyň sözbaşyny okap gör, magtymguly atamyz bu barada aýdypdyra
-
Kamilligetarap
12 years ago
- prosta... ...
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Ursyn yurege salan yzlary %d%ayeller yyllar ocurenok namucin
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Ursyn yurege salan yzlary %d%ayeller yyllar ocurenok namucin
1merdan 12 years ago- -Dogry. Bizde beýle temalar boýunça ýazýanlaram az däl-diýip, men düşündirmäge durdym.-Ýazyjy diýeniň erkin guş bolýar, oňa pylan temadan ýaz diýip bolanok. Haýsy tema tolgundurýan bolsa, ýazyjy öňi bilen şol temadan ýazýar. Onsoňam bizde ýazyjylaryň ýüzlerçesi ellerine ýarag alyp, urşa gatnaşan adamlar. Urşuň ähli ýowuzlygyny olar öz gözleri bilen görüpdirler. Bu gün bolsa çeper sözü ýarag edinip, adamlary betbagtlyk hem-de jebir-jepa getirýän urşa garşy aýgytly göreşe çagyrýarlar. Eýsem şundan ulam bir gümanizim bolarmy?
-Biziň ýurdumyzda-da uruş boldy-diýip, žurnalist gyz sözüne dyngy berdi-de, soňra dowam etdi.-Ýöne biziň ýazyjylarymyz ol hakda birlän-ikilän bolaýmasa, känbir eser ýazmadylar. Dogrusy uruş barada goh turuzyp ýörmek nämä gerek. Geçipdir, geçipdir-dä...
Seýitnyýaz Ataýew bu gezek maňa nobat bermedi.
-Siz haýsy urşuň gürrüňini edýäňiz-ä?-Ol gözünden gara äýnegini aýyrdy-da ykjamlandy.-Päkistan bilen bolan uruşmy?..Siziň bu deňeşdirmäňize hiç kim hä diýmese gerek. Biz tutuş dört ýyllap ýer sermedik, siz bolsaňyz bary ýogy on dört gün uruşdyňyz. Uruş, elbetde, uruş bolýa-ölüm-ýitim, betbagtlyk, horluk. Men köne soldat, şonuň üçinem meniň hiç zady ýadymdan çykarasym gelenok. Hakymam ýok. Men söwer dostlarymyň birentegini öz elim bilen jaýladym. Birnäçe dostum aýny ýaşajak wagtynda ömürlik maýyp bolyp galdy. Biziň obamyzda saçy agarsa-da, henizem ýaryna garaşyp ýören dul aýallar bar. Uruş zerarly ata görmän ulalan çagalary görenimde, şindi-şindilerem ýüregimiň agzy dilinip gidýär. Ýeri onsoň men urşy nädip ýadymdan çykaraýyn.
-Siziň kärdeşleriňiz uruş hakda ýazýar, siziň özüňizem ýazmakçy. Şeýle dälmi? Diýmek, ýaragly esgeri taryplaýarsyňyz-da. Iň esasy-sy urşy propagandirleýärsiňiz. Menä şeýleräk düşünýän, belki, beýle-de däldir?!
-Siz bir zady dogry bellediňiz-diýip, men onyň özü ýaly mylakatly ýylgyryp aýtdym.-Biz dogurudanam esgere hormat goýýarys. Ýöne siz herki meseläniň hamyrmaýasyny unudýaňyz. Uruş bar, uruş bar. Biz ata watan diýip, aýaga galan mert ogullary wasp etmäg-ä däl, depämize täç edinmäge taýyn. Olary näbelli belentliklerde baş goýmaga mejbur eden kesekiniň dokuzy düzüw döwranyny onuň elinden gaňryp almak höwesi däldi. Ol öz topragyny, öz ilini goraýardy.
Çilim çekmeýän halyna çilime ýapyşan Seýitnyýazyň häzirki ýagdaýy maňa düşüniklidi. Her niçigem bolsa, ol syr bermedi, howlukman, çiliminden birküç ýola sordy. Soňra söze başlady.
-Bizi öz sözümiziň üstünde tutjak bolyp, aýlap-dolap otyrmaňyz birhili gelşiksiz bolýar. Dogrusy, bi halanmaýan zat. Siz deňeşdirip bilinmejek iki düşünjäni bile-göre gatyşdyran bolýaňyz. Düýbünden başga-başga ýagdaýlardygyny görüp durkaňyzam olary deňeşdirjek bolyp azara galýaňyz. Mundan otuz ýyl ozal frontda gezip ýörkäm bir waka bolypdy. Men ol wagt polk razwetgasynda gullyk etýärdim. Bir gezek biz öküz ýaly daýaw faşist ofiserini ele saldyk. Süýräp getirýänçäk jan derimiz çykdy. Owarram-la, biz beýle-beýle hupbatlary bu gün görmeli däl ahyryn diýişdik. Sorag edip başladyk. “Minaly meýdanyňyz nirede?” diýip soraýas. Ol dymýar. Başga sowal berýäs. Ýene-de ses üýn ýok, dilini ýuwdan ýaly, möllerlip ýüzüňe seredip dur. Ahyry dillendi: “Men wermahtyň ofiseri, Germaniýa, Gitlere kasam etdim. Eger meniň ýerimde siziň özüňiz bolan bolsaňyz näderdiňiz, kasamyňyzy bozarmydyňyz?”
Biz aňk-taňk bolduk. Sorag edýänleriň içinde çini boýunça özümden ulysy ýokdy. Emma men heniz ýigriminem doldurmadyk gögele oglandym. “Be, birhil-ä boldy bi. Aýdýanynyň jany ýok däl. Kasamy bozmak...” Men içimden şeýle pikir etdim. Düşnüksiz suslyk aralaşdy. Onýança-da köpü gören bir esger dadyma ýetişäýdi. Meň toparymda oňa “goja” diýýärdiler. Goja bolaýşyny diýsene! Ol şonda heniz kyrk ýaşyny hem doldyrmandy. Ynha, şol esger öňe çykdy-da: “Ýoldaş uly leýtenant, rugsat etseňiz men bir dalap göreýin” diýdi. “rugsatdyr” diýdim. Ol ýaňky daýaw faşistiň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, iki gezek itende ýer kümäniň diwaryna söýedi. “Kasam etdim diýdiňmi? –diýip, ýaňkyny alarladyp başlady:-Sen öz nejis kasamyňy menki bilen deňeme, haramzada. Men öz topragyma, ene süýdüme kasam etdim. Watanyma kasam etdim. Biz özge topraga göz gyzdyramyzok, özümiz ýaly halkyň azatlygyny depeläp, depesinden bela bolyp inmek üçin ýaraga ýapyşmadyk. Şuny bilip goý, kasamly deýýus...Seň onyňa kasam diýmezler. Ýatanyň üstüni gapyl basyp, doklugyňdan bögürmek, obalary hem-de şäherleri talamak, öýleri otlap, gelinlere zulum etmek. Şü dälmi seniň kasamyň?.. Seň Gitleriň başga hili kasamy kabulam etmezdi. Ýol urup ýören köçe galtamanlaryňam kasamy bar. Olar öz atamanlaryna wepalylyk kasamyny etýärler. Emma oňa kasam diýmeýärler, oňa galtamanyň özünden güýçli galtamana boýun synmasy diýilýär.Kasam-watanyňa, il-günüňe, mähriban topragyňa edilýär...-Ol dişlerini gyjady.
-Belki düşünşendiris, ä?...”
Žurnalist gyz ýetişibildiginden ýazýardy. Bir meýdan hiç kimden ses çykmady. Seýitnyýaz gürrüňdeşinden ýüzüni sowup, açyk äpişgeden daşary seretýärdi. Onuň aýdanlarynyň üstüne, belki, hiç zat goşmaly däldir. Başga bir ýerde bolsa, men hut şeýle-de ederdim. Emma häzir gerekdi. Şol sebäpli-de men Seýitnyýazyň gürrüňiniň üstüni ýetirmegi makul bildim.
-Şu meselede bize aýyp ýüklejek bolmak gülkünç bir zat bolardy. Näme üçin? Sebäbi uruş meň çagalygymy ogurlady, kakamyň ýigitlik döwürini talady, agamy dogduk mekandan uzaklarda bir ýerde, ýat toprakda müdümilik galmaga mejbur etdi. Sowet halky ýigrimi million adam ýitirdi. Biziň halkymyz beýik gahrymançylyk görkezip, faşizimiň boýnuny oňurdy, dünýäni wagşyýana leşgerden halas etdi. Eger halkymyzyň şol gahrymançylygy bizi şindizem tolgundurýan bolsa, täze eserler döretmegimize sebäp bolýan bolsa, onda biziň gumanistik missiýany ýerine ýetirdigimiz bolmaýarmy? Sowet ýazyjysynyň uruş temasyndan ýazan her bir eseri ýer ýüzüniň ilatyny hüşgärlige, german faşizimi tarapyndan jahanyň boýnuna dakylan aýlyganç betbagytçylygyň indiden bu ýana bir gaýtalanmazlygy ugrunda göreşmäge çagyrýar. Sizem şoňa şeýleräk düşünseňiz gowy bolardy.
Žurnalist gyzyň gözi tegelenip gitdi.
-Ýigrimi million?
-Howwa, ýigrimi million...
“Bu interwýu bangladeşli dostlarymyz bilen uruş hakynda bolan uly gürrüňçilgimiziň diňe badalgyjydy”-diýip Rahym Esenow özüniň “Jahanda uruş barýarka” atly kitabynda ýazýar, hormatly agzalar men bu interwýuny gyzsgaldybyrak aldym, we şu söhbetdeşlik esasynda gazetde çykan “gürrüňdeşligiň” nähili mana eýe bolandygyna düşünmegi bolsa siz ezizlere goýmagy makul bildim. Diýmek kitaby tapmaly we okamaly bolaýmasak...