Coca-cola – dünýäde meşhur gazlandyrylan içgi bolup, ol örän baý taryha eýedir. Onuň düzümi amerikan farmasewty Jon Pemberton tarapyndan 1886-njy ýyldaoýlanyp tapylyp, ilkibada ol dermanhanalarda toşap görnüşde satylyp başlansa, wagtyň geçmegi bilen ony gazlandyrylan suw bilen goşup hödürlediler. Ýaňy düzümi işlenip düzülenCoca-cola kofeine baý kola maňyzyndan we kokaini saklaýan koka ösümliginden ybaratdy. Alnan içgi esasan hem nerw ulgamynyň islendik kesellerini bejermek üçin maslahat berilýärdi. Pembertonyň bellemegine görä, bu içgi jynsy gowşaklygy bejermekde we neşä ýykgyn edýän adamlara kabul etmek üçin peýdaly bolup biljekdir. Ol ýyllarda kokain ulanmagy gadagan edilen maddalara girmeýärdi we onuň zyýany barada adamlara hiç zat belli däldi. Kokainiň adam saglygyna ýaramaz täsiri öwrenilenden soň, jemgyýetçilik pikiri oňa garşy üýtgedi we 1903-nji ýyldan başlap, içginiň düzümine kokainiň ter ýaprajyklary däl-de, onuň "işlenilen" görnüşleri goşulyp başlandy. Häzirki wagtda bu ösümlikden içgide diňe onuň ady saklanyp galandyr. 1894-nji ýylda Coca-cola birinji gezek aýna çüýşelere guýlup satylsa, 1969-njy ýylda ony alýumin bankalarda satyp başladylar. Wagtyň geçmegi bilen içginiň Pepsi-cola (ABŞ) hem-de 1931-nji ýyldanbäri Germaniýada öndürilýän Afri-cola, 2002-nji ýylda Fransiyada öndürilip başlan Mekka-cola görnüşleri alyjylara hödürlendi. Mekka-cola esasan musulman ýurtlaryň alyjylaryna niýetlenen bolup, öndürijiler ondan gelen girdejiniň bir bölegini uruşdan ejir çeken palestinalylara bermäge söz berdiler. Dürli ýurtlarda Coca-colanyň dürli görnüşleriöndürilip, ol ýerli bazarlaryň şertlerine görä dürli- dürli atlar bilen (Coca-cola diet, Light, Wanilla, Gherry we başgalar) alyja hödürlenýär. Oňa garamazdan, olaryň esasy düzümi meňzeşdir. Şu wagta çenli Coca-cola içginiň düzümi öndürijiler tarapyndan gizlin saklanýan bolsa hem, geçirilen laborator barlaglar onuň düzüminde käbir maddalary häsiýetlendirmäge we saglyga ýetirýän täsirini öwrenmäge ýardam berdiler.
Coca cola
-
Karat
12 years ago
- "Hemme içgiler beýle
"himiýalaşan" bolsa, biz teşneligi
näme bilen gandyrmaly?" diýip
sorag bermegiňiz mümkin. Bu
içgileriň hemmesiniň ýerini diňe
suw tutup biler. Ýönekeý
suwmy ýa-da gazlandyrylan?
Tapawudy ýok. Tebigatdan
gözbaşyny alyp, teşneligiňizi
gandyrýan, mylaýym, jana
ýaramly suwuň saglyk üçin has
peýdalydygyny ýatdan
çykarmaly däldiris...
Cheshme: saglyk
-
vipboy
12 years ago
täretiň
dushundirayde
bozulmalaryna,
-
Karat
12 years ago
täretiň
bozulmalaryna,
dushundirayde
vipboy | 2012-05-04 16:36:36
dost, men taret dalda cola barada acdymmykam diyyan. Soragyny gingishleyinrak yazsana.
-
vipboy
12 years ago
- ay hana yokarda yazipsina karatjon, ya ozun okaman kopi past edaypsinmi...?!
-
YaSwami
12 years ago
- birinji kokony turkmenler döretdi,toşaba gazly suw garsaň so koko bolarda,
Karat 12 years ago- Şu wagta çenli Coca-cola içginiň
düzümi öndürijiler tarapyndan
gizlin saklanýan bolsa hem,
geçirilen laborator barlaglar
onuň düzüminde käbir
maddalary häsiýetlendirmäge
we saglyga ýetirýän täsirini
öwrenmäge ýardam berdiler.
Coca-colanyň düzüminde suw
bilen gantdan başgasy himiki
birleşmeler bolup durýandyr:
Konserwantlar (uglerodyň
dioksidi we natriniň benzonaty)
– azyk önümçiliginde et we
balyk önümlerini, gök önümleri,
ir-iýmişleri, dürli batyrmalary
konserwirlemekde ulanylýar.
Olary saklaýan önümleri aspirine
ýokary duýujylygy bolan
adamlara kabul etmek bolýan
däldir. Şonuň ýaly-da, witamin C
bilen birlikde natriniň benzoaty
täze döremelere getirýän
madda-benzola öwrülip
bilýändir.
Ortofosfor turşulygy – bu
maddany gazlandyrylan içgileriň
önümçiliginden başga-da,
dökünleri taýynlamakda we
tekstil önümçiliginde hem
ulanýarlar. Köp mukdarda kabul
edilende, dişleriň owranmagyna
we süňklerden kalsiniň
ýuwulmagyna getirip,
osteoporoz (süňkleriň
ýumşamagy) keseliniň
döremegine sebäp bolup biler.
Şonuň ýaly-da, bu birleşme
bedende kaliniň ýetmezçiligine
getirip, myşsalaryň
gowşaklygyna, ruhy
gamgynlylyga, işdäniň
kesilmegine getirip bilýändir.
Reňkleýji – gant koleri – içgä
adaty reňk beriji höküminde
ulanylyp, ammiak-sulfit
tehnologiýasynyň kömegi bilen
emeli alynýandyr. Nerw
ulgamyny aşa tijendirme, täretiň
bozulmalaryna, öý
towşanlarynda geçirilen
barlaglarda bolsa B6 witaminiň
emele gelmegine täsir edendigini
barlaglar subut etdi.
Tebigy ys berijiler – Coca-cola
üçin emeli däl-de, gymmat
düşmeýänligi sebäpli adaty,
tebigy maddalardan
öndürilýändigine ynanasymyz
gelýär.
Uglerodyň ikilik okisi – adaty
kömürturşy gazy bolup, çüýşe
açylanda özboluşly köpürjikleri
emele getirýändir.
Kofein – onuň täsiri bilen ýürek
urmalar ýygylaşyp, gan basyşy
ýokarlanýar. Dofaminiň bölünip
çykýanlygy sebäpli birinji 30-40
min. dowamynda keýpiň
göterilmegi bolup geçse-de, 3-6
sagatdan soň ol ýagdaý
ýadawlyk, ysgynsyzlyk bilen
çalşyp biler. Kofein saklaýan
önümleri ukusyzlykda, gan
basyşynyň ýokarlanma
ýagdaýlarynda, garrylyk
döwründe, ateroskleroz
keselinde, gözüň glaukomasynda
(göze gara suw inme keseli)
kabul etmekden saklanmalydyr.
Islendik gazlandyrylan suýji
içgilerde bolşy ýaly, Coca-cola
hem gandyň örän ýokary
mukdaryny saklaýandyr. Içginiň
her stakany (250ml) 6 (!) çaý
çemçesi gandy saklap, bu
görkeziji bedeniň bir günde
ganda bolan talabyny düzýändir.
Içginiň aşa ýokumlylygy hem
onda gandyň ýokary mukdary
bilen düşündirilýändir.
Deňeşdirme üçin Coca-colanyň
ýokumlylygy 42 kkal/100 gr.
bolsa, piwo içgisiniň
ýokumlylygy 38 kkal/100 gr.
barabardyr. Şol sebäpden hem
aşa köp içginiň kabul edilmegi
semizligiň döremegine hem
töwekgelçiligi ýokarlandyryp
biler.
Häzirki wagtda kolanyň adaty
tagamyny almak üçin wanilin,
simto ýagy, limonyň we
dalçynyň ýagy ulanylýandyr.
Coca-cola kompaniýasy hem-de
onuň şahamçalary Coca-cola
içgisinden başga-da Fanta,
Sprite, Bon-Akwa gazlandyrylan
içgileri hem öndürýärler.