Ötdi kerwen-giň sährany terk eýläp, Giň sährany göz ýaşyma gark eýläp. Ötdi kerwen, geçdi kerwen çölümden... Utulmak bar, gutulmak ýok ölümden. Çöl şeýle giň, göz ýetirip bolanok. Kerwen welin yza dönüp bilenok. Jahan çöldenem giň, sähradanam giň, Ýyllary kerwenläp bir çetinden gir. Gorap gizläp müň gowgadan bir başyň, Çekiber, çekiber kerweniň başyn. Ýük agyr, ýol uzak. Ýol uzak hem kyn. Pellehana bolsa şeýlebir ýakyn. Ýetersiň, Ýatyrsyň... Ötersiň şeýdip. Ýol uzak. Sähra giň... Bolanok gaýdyp.
Sygan bagşy poemasy
-
1merdan
12 years ago
- Gülseň gözüň süzüldi,
Üstüňde jan ezildi
Ah, garagöz garagöz,
Gitseň meýlis bozuldy.
Dur diýlende durdyňmy?
Duryp hile gurdyňmy?
Ah, gargöz,garagöz,
Özgä köňül berdiňmi?
Köşeşerden ir gelin,
Gabrystana gir gelin.
Aglasaň gözýaşyňy
Ýandak bilen syr, gelin.
Ýuwaş-ýuwaş sowanyň,
Aňan eken Syganyň
Soňam...hoşlaşmak üçin
Saklan eken Syganyň
Gözü düşüp durmasa,
Agtarypdyr ýoklapdyr,
Seniň gara saçyňa
Gije diýip uklapdyr.
Şol uklaşy. Galmady.
Pelek, munyň bolmady.
Mukamsöýer türkmenim,
Dragtyň boý almady.
-
1merdan
12 years ago
- Biz juda kän bardyk-sazyňy sorap
Biz juda az bardyk-halyňy sorap
Şeýdip, biz özümiz ýitirdik seni,
Biz seni özümiz bilmedik gorap.
Diýerdik: “Howlukma, dursana, Sygan.
Pylany toý edýär, ýörsene, Sygan”
Diýerdik ýagdaýyň görüp dursagam:
“Hany şujagazam ursana Sygan”
Indem durus baş ujyňda yzlaşyp:
“Bir göter başyňy tursana Sygan”
Ötdi kerwen golda galdy dostlaryň
Seni ýollap ýolda galdy dostlaryň
Bu panyň oýnuny görsene Sygan.
Bagyşla, Tursana, ýörsene Sygan...
-
1merdan
12 years ago
- Aç gözüňi nazar aýla daglara,
Olar seniň dutaryň deý dymyp dur
Güýz topragy bilbil uçan bagyndan
Mahym gyzyň gözýaşy deý damyp dur
Garly daglaň awlagynda aw görüp,
Öz awyňy haýsy awça awlatdyň?
Aglama diýip Mahym gyzy diňdirip,
Näme birden uly ili aglatdyň?
Garaganyň gara bagryn gan edip,
Ýaş akdyryp Bäherdeniň gözünden,
Şinden seniň Sona boýlyň sallanyp,
Hanha barýar Ýolöteniň düzünden.
Ýeri, nirä gitdiň bir gezek tutman
Ýüregiňde arman goýan goşardan?
...Daş çyksam owazyň içerden gelýär
Öýe girsem ýaňlanyp dur daşardan.
-
1merdan
12 years ago
- Ötdi kerwen, geçdi kerwen çölümden.
“Hoş gal, sähram, hoş gal, bolanok gaýdyp”
Hergiz namart köprüsinden geçmediň.
Gark bolup derýadan galdyňmy şeýdip
Üstüniň şol gadym köprüsi bilen,
Akyp ýatyr seni gark eden derýa.
Mertler şindem özün oklaýar suwa,
Namartlar şindizem köprüden barýar.
Labyrdan çykmagy gümana eden
Gümman derýa-durmuş bolyp çykdymy?
Gazap edip agdardymy gämini,
Şeýdip düýpsiz ummanyna çekdimi.
...Gara dag dymyp dur-gara dutar deý,
Gara dutar-gara dag deý dymyp dur.
Ýüredimde bolsa ýalňyz owazyň
Şerbet bolyp, melhem bolyp damyp dur.
-
Shahyrjyk
12 years ago
- sag bola merdan aga! Gowy gosgy eken, yetirip dur
1merdan 12 years ago- Ol ýyllar men on dört ýaşly çagadym
Bardy meniň ýönekeý bir sagadym,
Könedi. Mendenem dogupdy öňräk.
Ýitirdim. Agladym. Gözledim eňräp.
Ol ýyllar men eýýam ýigit çykypdym
Yşyk dagyny gerdenimde çekipdim.
Aýra düşüp wysalyndan Lälämiň,
Näçe ýyllar agtaranym nämälim.
...Sagadam edindim-iň soňky moda
Söýgüme-de duşdym,-bir ýanar oda
Birden elim maňlaýyma ýetirdim.
Bu gün nädip, nädip seni ýitirdim?
Ötdü kerwen, geçdi kerwen düzümden.
Şeýdibem sen gaýyp boldyň gözümden
Sökeýin sährany, gezeýin çöli.
Ýarsyn dodagymy epgegiň ýeli.
Çapar alyp çar tarapa çapaýyn,
Ah, nireden, nädip seni tapaýyn?
Sygan bagşy.
Juwan bagşy,
Jan bagşy
Merdan bagşy
Soltan bagşy
Han bagşy