ýaponiýanyň paýtagty To kionyň demirgazyk-gündo garynda ýerleşýän Sumida sebitinde dünýäniň iň uly minarasy bina edildi. Dün ýäniň iň uly minarasy hök münde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen “Tokio skay tri” (“Tokionyň as man agajy”) minarasynyň beýikligi 634 metre ýet ýär. Ol bu ugruň öňki rekords meni Hytaýyň Guançjou şä herindäki beýikligi 610 metre ýetýän minarany öňürtmegi başardy. Ýerli gazetler bu beýikligiň (634 metr) tötänleýin alynman dygyny, bu sanyň ýapon di linde “Musasu” (öňki dö würlerde bu at bilen Tokio nyň demirgazyk-günorta sebiti atlandyrylypdyr) di ýen ady aňladýandygyny ýazýarlar. Umumylykda 65 milliard iýen (812 million dollar) möçberinde serişde goýberilen minaranyň gur luşygynyň 2008-nji ýylda başlanandygyny ýatladýa rys. “Asman agajy” esasa nam sanly tehnologiýanyň signallaryny geçirmekde, mobil aragatnaşygyny ýo kary derejä ýetirmekde, na wigasiýa ulgamyny kämil leşdirmekde ulanylar. Mun dan başga-da onda söwda merkezleri, sport zallary hem-de dynç alyş toplumy ýerleşdirilipdir. Resmi açy lyşy 22-nji maýda geçiril jek minaranyň 350 metrlik belentliginde daş-töwere gi synlamak üçin niýetle nen ýörite meýdança gur nalypdyr. Ýeri gelende aýt sak, dünýäniň iň beýik bi nasy BAE-niň Dubaý şähe rindäki “Burj Khalifa” gök diräni hasaplanylýar. 2010-njy ýylda bina edilen bu gökdiräniň beýikligi 828 metre barabardyr.
Taze rekordyn eyesi
-
Barmaley
12 years ago
Dunyade bir-birinden uly minaralara kan.
Multyk 12 years ago
ine ol