(1520-1602) Hajymuhammet han (Hajym han) 1520-nji ýylda häzirki Köneürgenç etrabynda eneden bolýar. Ol arakesmeler bilen 1558-1602-nji ýyllarda Horezmde hanlyk edýär. Iňlis syýahatçysy A. Jenkinson ony “türkmenleriň patyşasy” diýip atlandyrypdyr. Hajymuhammet han ilki Wezirde (Döwkesende), 1565-nji ýylda Aly soltan ölenden soň, Ürgençde (Köneürgençde) ýurdy dolandyrýar. Ol 1592-nji ýylda Nusaýy we Duruny basyp alýar. Ýöne köp wagt geçmänkä Buhara hany Abdylla II (1588-1597-nji ýyllarda hanlyk eden) Horezme we Horasana ýöriş edýär. Şeýlelikde, Hajymuhammet han Eýrana gaçmaga mejbur bolýar. Ol 1595-nji ýylda ol şa Apbasyň huzuryna barýar. Şa Apbasyň Horasana eden ýörişinden peýdalanyp, Horezmi gaýdyp almagyň hyýalyna düşýär, ogullary Arapmuhammedi we Muhammetgulyny alyp türkmenleriň arasyna gelýär. Olara Kürendagyň tekelerinden we ýomutlaryndan 50-60 adam, Uzboýuň ärsary türkmenlerinden 600 adam goşulýar. Hajymuhammet han şolara daýanyp, buharalylary Horezmden kowup çykarýar. Ol bu ýerde uzak saklanyp bilmändir, sebäbi Horezmi basyp alanlaryndan soň, türkmenleriň tas hemmesi diýen ýaly yzlaryna gaýdýarlar. Bu ýagdaýy duýan Abdylla han Hajymuhammet hanyň doganynyň ogly Baba soltany öldürýär. Hajymuhammet han ogly Arapmuhammet bilen Eýrana gaçýar. Onuň ikinji ogly Muhammetguly bolsa ilki maňňytlaryň, soňra ruslaryň arasyna barýar we Boris Godunowyň Krym tatarlarynyň üstüne eden ýörişine gatnaşýar. Hajymuhammet han diňe Abdylla han we onuň ogly ölenden soň, 1598-nji ýylda Horezmde ymykly ornaşýar. Ol 1602-nji ýylda aradan çykýar. Şondan soň Horezmi onuň ogly Arapmuhammet dolandyryp ugraýar.
Hajymuhammet han
-
1merdan
12 years ago
“türkmenleriň patyşasy” alemdarow bu maglu,atlaryy nirden tapyan?
sahett | 2012-04-02 11:43:35
türkmenistanyň ylymlar akedemiýasy "ensiklopediýa" neşirýaty 1992 njy ýylda çap edilendä okapdym edil şu sözü sähet aga
-
1merdan
12 years ago
- alemarow dost gollanma comada sen goýýaňmaý, birhilek ýöne meňzeşlik bolyp dura?
-
alemdarov
12 years ago
- Howa kopusini men goyyan
sahett 12 years ago- “türkmenleriň patyşasy” alemdarow bu maglu,atlaryy nirden tapyan?