(1836-1925) Ahalyň hem Mary tekeleriniň hany bolan Nurberdi hanyň ikinji aýaly Güljemal han, takmynan, 1836-njy ýylda Tejende doglup, 1925-nji ýylda hem Maryda aradan çykypdyr. Onuň tiresi: teke – togtamyş – amanşa – gapan – onbegi – soky. 1880-nji ýylyň aprel aýynda Nurberdi han aradan çykandan soň, Mary türkmenleriniň arasynda onuň täsiri öňküden-de güýçlenýär. Ol ozalky türkmen hanlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Russiýa söweşsiz birikmegiň tarapdary bolupdyr. Bu meselede Gökdepe galasynyň syndyrylmagynyň hem aýgytly täsir eden bolmagy mümkin. Güljemal han 1881-nji ýylyň ýaz aýlarynda rus administrasiýasynyň Aşgabatdaky wekili bilen hat alşyp başlaýar. Ol Mary türkmenleriniň Russiýa birikdirilmegi barada 1884-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ýörite çagyrylan maslahaty – geňeşi taýýarlamaga we ony geçirmäge gatnaşýar. Şeýle hem ol Mary etraplarynyň Russiýa “meýletin” goşulmagy babatda tagalla baryny edipdir. Emma munuň ozi hakyky meýletinlik däldi-de (hiç bir halk azatlygyny, erkinligini öz islegi bilen meýletin başga bir halka bagyşlamaýar), örän agyr hem netijesiz gandöküşikligiň öňüni almak üçin paýhaslylyk bilen tapylan ýeke-täk çykalgady. Munuň şeýle boljakdygyna şol wagtky halkyň öňe çykaran adamlary Gökdepe syndyrylandan soň, açyk göz ýetiripdirler. Ýazyjy N. Hojageldiýewiň “Gökdepe galasy” (Aşgabat, 1991) atly kitabynda: “Soňra 1884-nji ýylda Maryda bolan “geňeşiň” netijesi hem 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepede çözülipdi” — diýmegi ýokarda aýdylan pikirleriň hakykatdygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçin-de bu ýerde hakyky meýletinlik barada gürrüň hem bolup bilmez. Şeýlelikde, patyşa goşunlary Maryny känbir pida çekmezden basyp alýar. Şuny nazarda tutup, patyşa hökümeti Güljemal hana hem-de onuň ýakyn garyndaşlaryna gymmat bahaly sylaglar berýär, şeýle hem Güljemal hanyňözüne 2000 manat möçberinde ömürlik pensiýa belleýär. Onuň ogly Ýusup hana bolsa milisiýanyň kapitany diýen harby at berilýär. Munuň özi patyşa hökümetiniň türkmen han-beglerini öz tarapyna çekmäge we olary hemişe öz gysymynda saklamaga gönükdirilen syýasatydy. Güljemal han Türkmenistanyň taryhyna giren çylşyrymly hem köp taraply şahsyýet hasaplanýar. Güljemal hanyň şahsyýeti geljekde taryhçy alymlar tarapyndan täzeçe, dogruçyl öwrenilmeli möhüm meseleleriň biridir.
Guljemal han
-
nlo
12 years ago
- ay tüweleme yenede bir zat güljemal han hakda eşiden bilen zatlaryny yazyn
-
makgush
12 years ago
- Gowy tema, sagbol Döwlet ýetireniñ üçin.
-
alemdarov
12 years ago
- Senem sagbol maksat
pawel 12 years ago- sag bol alemderow aga.