Gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň, Gurrugagaçsaňam tapdyr bir mydar. Ýöneweli ikaýakly bendäňi Dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam. Dostuň bürgüt bolsa - daglara elter, Dostuňbilbil bolsa - baglara elter. Dostuňelguş bolsa - bir oba elter, Dostuňbaýguş bolsa - haraba elter. Ýekedaban bolsaň - urmak ýaraşar, Sandalbolsaň - çydap durmak ýaraşar. Şyňk-şyňkedip dursa kiçijik çekiç - Şodur içýakgyç. Aman, aman... Dynmak üçin derdimden, Elliýaşda ýetmiş derman gördüm men. “Guşgerek!” diýseler - gapanlap aldym, “Gurtgerek!” diýseler - gapanlap aldym, “Mumyýa”diýdiler - tüpeňläp aldym. Birisinden gördüm - Azajyk haraý, Birisinden gördüm - Müň hili zyýan. Ahyrybir güýçden ýeňildi derdim; Adam üçin adam - Iň uly derman. “Bal, bal!” diýmek bilen agzyň süýjänok Ýönebeýle ajam bolup baranok. “Sagbol!” almak bilen garnyň doýanok, Ýönebeýle ajam bolup baranok. - Arçynymyza goşgy goşýaň, Başlygymyza goşgy goşýaň, Brigadire goşgy goşýaň, Başgasyna goşgy goşýaň. Kaka, kaka, gorkaňokmy? -Gorkman, oglum, gorkman, oglum. Degirmende doglan syçan Gökgürlände gorkmaz, oglum. Ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat. Ony guraňda-da howlukmaly däl, Onybozaňda-da howlukmaly däl: Onyguran wagtyň howlugyp gursaň - Känkerpiçleň hata düşmegi ahmal. Onybozan wagtyň howlugyp bozsaň - Çyndostuňdan jyda düşmegiň ahmal. Ussat bol, iş salyş ussatlar bilen. Ussadyň gadyryn ussatlar biler. Sakalyň deregin tutsa-da akyl, Akylyň deregin tutmaýar sakal. Burun ys almaga, Dil sözlemäge, Gulakhem berlendir diňlemek üçin. Soň-soňdüşünersiň ýene bir zada: Gözdiýen zat berilendir bir bada Hem-ä seretmek üçin, Hemem ys almak üçin, Hemem sözlemek üçin, Hemem diňlemek üçin. Ol adam şeýle bir ajaýyp adam, Oňa ýeke men däl, hemmeler haýran. Käteony Köpetdaga çykaryp, Şoýerden äleme görkezsem diýýän. EmmaKöpetdagyň belentligi-de Entekgözlerime bärräk görünýär. Ol adam şeýle bir ýaramaz adam, Oňa ýeke men däl, hemmeler haýran. Käteony Çuňly derä äkidip, Şoýerde il-günden gizlesem diýýän. Emmaçuňly deräň çuňňurlygy-da Gözlerimehas telperräk görünýär. Her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý - Umytdandüşmeklik namartçylykdyr. Herbir kynçylygyň dört tarapy bar: Üçiýapyk bolsa, biri açykdyr.
Atamyñ köp gaytalan sözlerinden (kerim gurbannepesow)
-
Karat
12 years ago
- Käbir adam bilen oýun
edeňde,
Ýüziagarýança oýun
etmek bor.
Käbiradam bilen oýun
edeňde,
Ýüzigögerýänçe oýun
etmek bor.
Emmadostuň bilen oýun
edeňde,
Çalagyzarýança oýun
etmek bor.
Şondanaňryk gitmek -
öte gitmek bor.
Gyz wagtynda hemme
gyzlar mylaýym.
Seredýäň,seredýäň,
doýunmaýarsyň.
Soňgörüp biriniň şerraý
aýalyn,
Şolardandygyna
ynanmaýarsyň.
Tüssesiz ot gözläp bir täsin
adam,
Ahyrydünýäden otsuz
geçenmiş.
Bir köstsüz dost gözläp bir
täsin adam.
Ahyrydünýäden dostsuz
geçenmiş.
Tüssesiz ot gözläp, otsuz
galmagyn,
Tüsseli-de bolsa, otluja
bolgun.
Birköstsüz dost gözläp,
dostsuz galmagyn.
Köstlüje-debolsa, dostluja
bolgun.
Garaşmak diýen zat erbet
zat däl.
“Garaş!” diýdilermi -
garaşgyn, oglum.
Ýöneillere-de garaşgyn
weli,
Iller saňa,
saňa garaşsyn, oglum!
-“Özüňi süýt saýgyn,
Dostuňy gaýmak!”
Diýýärsiň sen atam,
Bu näme diýmek?
O nämüçin mydam
Süýt bolup özüm,
Dostum hem üstümde
Bolmaly gaýmak?
- Oglum, bu igenjiň
Nahakdyr nahak.
Özüňi süýt saýsaň,
Dostuňy gaýmak,
Onsoň gaýmak saýar
Dostuňam seni.
Onsoň senem gaýmak,
Dostuňam gaýmak.
- Gul aga ullakan adamam
weli,
Oňa “Samsyk” diýýär
obanyň halky
-Oglum, ol şeýle bir
ullakan weli,
Ähligöwresine ýetenok
akly.
- Kelesaň bolsa-da
Kelhanyň ogly,
Özbolup ýörşünden özi-
hä hoşal?
-Oglum, obamyzyň deň-
ýary boşar.
- Ak geçimiz gije-gündiz
mäläp dur,
Çalgeçimiz mälemeýär
beýle kän.
Kaka,kaka, bu nämüçin
beýlekän?
-Akja geçimiziň süýdi
ýok, oglum.
Beýlekiniň süýdi kän.
Karam zähmet, haram
bagt-
Geçegçi gara şemal.
Birgün (bilmersiň
näwagt)
Lowurdap jöwher Sowal -
Haram bilen Halaly
Ýüzleşdirer iki-çäk.
Halaly eýläk çeker,
Haramy beýläk.
Ýöne Sowal gelýänçe
Jebir çeker Halalat.
Pida bilen dogular
Her bir uly kemalat.
...Şol pidadan gorkmagyn
Kerim, Kerim, keramat!
“Atam pylankesdi!” diýip,
bukulmagyn ataňa,
AtaňGörogly bolsa-da, il
at dakar hataňa.
Öýlere gelin geler: üýtgär
öýleň howasy.
Gyzgyn-gyzgyn öýleriň
geler durar sowasy.
Garasaçly “mollaň” hem
ýüzün ýuwjak däl
weli,
Garamurtly “molladyr”
bigaýratlyk belasy.
Başyňa iş düşende tanadar
gahrymanlar.
Türşekdek müzzerşibiýr
tarlawuk
“waharmanlar”.
Ol jülge şeýle bir täsin
jülgedi -
Göwsünden emerdi ýüz
dürli agaç.
Şaglaşarotyrdy hozlar,
çynarlar.
Güwleşer otyrdy arça,
garagaç.
Jokrama jöwzada ol jülgä
baryp,
Gujagyňy açyp, serilip
arkan,
Daglara seredip ýatansyň
weli,
Asman läläzardyr
Toprak - tenekar.
Agaçlaň bilinden gujaklap
menem,
Salkyn saýalarda böküp
günuzyn,
Gözümgidip olaň belent
başyna,
Egilip-egilip, ederdim
tagzym.
Tagzym etdigimçe
belent şahalaň
Şaggyldysyemaý-emaý
ýuwaşap,
Özbelentliginden uýalýan
ýaly,
Özümdenem beter
Eglerdi aşak.
Şu gün ýene bardym.
Tagzym edere
Neçynar galypdyr, ne-de
bir güjüm.
Diňehaşal otlar tagzym
isleşip,
Çartarapdan etdi üstüme
hüjüm.
Paşşy goňşy ýüz ýaşady,
ýagşy etdi.
Her ýaşynda ýedi ýyllyk iş
etdi.
Şol ýaşlaryn, şol işleriň
näçesin
Öz derdine, il derdine bagş
etdi? -
Şonsy weli belli däl.
Betbagtlyk diýen zadyň
Gara bolarmyş reňki.
Emma sataşan wagtyň -
(Dana bolsaň-da) seňki.
Bagtlylyk diýen zadyň
Ak bolarmyş reňki.
Emma sataşan wagtyň -
(Samsykbolsaň-da!)
seňki.
Emma aslyýetinde
Olar däl bolsa seňki,
Yz goýsa-da etiňde,
Süňküňe ýokmaz reňki.
Taşlama başlanyňy,
Başlama taşlanyňy.
Sanasaň-da dostuňy,
Sanama duşmanyňy.
- Kaka, kaka, möjek köp-le
çöllerde:
Gündeýetmiş sürä
salýarlar dowul!
-Dünýäden ötende her
garry möjek
Yzyndamüň çaga
galdyrýar, ogul.
- Kaka, kaka, bürgüt gyt-la
daglarda:
Biriýa ikisi sataşýar her
ýyl!
-Dünýäden ötende her
garry bürgüt
Yzynda bir çaga galdyrýar,
ogul.
- Kaka, düşündir sen ýene
bir zady:
Ýaz geldi. Dünýäni gülletdi
bu gün.
Adamlarynäme
gülledenok-da.
Gaýtasöküp barýar
bogunma-bogun?
- Balam, adamy hem
gülletmek üçin
Ilkisökmelidir bogunma-
bogun.
Gül diýen zat bogun ýaryp
çykýandyr,
Bogunýarmak bolsa kyn
zatdyr, ogul.
Çe$me:turkmenedebiyaty.com
-
Karat
12 years ago
- Kamilligetarap dost milashka uyamyzyñ gözleyani shu goshgydyr diyip umyt edyän.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- belki
-
Milashka92
12 years ago
- yok yok bu gosgy dal nesip bolsa kan uzaga cekdirman yazjak bolaryn so gosgyny bahar poemasyny tapsam karat sizinem unsunizi gaty cekipdir oydyan men sizi azara goyan bolsam bagyslan talyplar.com yn isjen agzalary kamilligetarap we karat
-
nlo
12 years ago
- hany nahili goşgy ol aydyanyz yazynda :)
flame 12 years ago- Gowy yazypsyn