(b. e. öň 384—322) Gadymy grek akyldary we alymy. Aristotel Stagirde doglupdyr. Afinyda Platonyň akademiýasynda 20 ýyl okandan soň şol ýerde öz mekdebini–Likeýi esaslandyrypdyr. Onuň garaýyşlary“Metafizika”,“Fizika”,“Organon”,“Syýasat”,“Etika”diýen eserlerinde beýan edilipdir. Aristoteliň filosofik garaýyşlary Platonyň idealizmine garşy alnyp barlan göreşde kemala gelipdir. Ol Platonyň «ideýalar» hakyndaky taglymatyny düýpli tankytlaýar. Aristotel düýp mazmunyň hut zatlaryň özeni bolup durýandygyny, şoňa görä hem filosofiýanyň tebigy hadysalary öwrenmäge ýuzlenmelidigini hem-de Platonyň“ideýalar mistikasyny”taşlamalydygyny belleýär. Aristoteliň Platony tankytlaýşy yzygiderli materialistik häsiýetde bolmandyr. Onuň dünýägaraýşy materialism bilen idealizmiň arasynda yraň atyp duran garaýyşdyr. Aristoteliň pikirine görä dünýä hil taýdan dürli elementlerden: topragyň, ýeliň, suwuň we oduň utgaşmasyndan ybaratdyr. Ol materiýanyň, zatlaryň obýektiw ýaşaýandygyny ykrar etmek bilen materiýany passiw, hereketsiz hasap edýär. Aristoteliň pikiriçe aktiwlik forma degişlidir. Ol Platonyň“ideýasyna”menzeş“Ähli formalaryň formasynyň”,“Ilkinji hereketlendirijiniň”, ýagny hudaýyň-da ýaşaýandygyny tassyklaýar. Aristoteliň akyl ýetiriş taglymatynda materialistik sensualizm özüniň açyk beýanyny tapýar. Onuň pikiriçe, akyl ýetirilýän zatlar olar baradaky bilimlerden ozal ýaşaýar. Aristoteliň nukdaýnazaryna görä, biziň ten duýgularymyz dine ýekeleýin zatlary bilmäge kömek edýän bolsa, onda ylmyň wezipesi–hususy zatlardaky umumy zatlara akyl ýetirmekden ybaratdyr. Aristotel formal logikanyň hem esasyny goýan alymdyr. Ol etikanyň, estetikanyň we sosiologiýanyň problemalarynyň hem üstünde işleýär. Aristotel gul eýeleriniň ideology bolanlygy üçin, ol gul eýeçilik gurluşynyň bakydygyny esaslandyrmaga synanyşypdyr we jemgyýetde bir adamyň gul, başga biriniň bolsa hojaýyn bolmagyny «tebigy» zat diýip yglan edipdir. Aristotel we onuň taglymatlary Aristotel antiki filosoflaryň içinde ilkinji bolup filosofiýany takyk ylymdan tapawutlandyryp başlaýar. Ol manylar ýa-da ilkinji esaslar we sebäpler baradaky ylym bolan“birinji filosofiýany”tebigaty öwrenýän“ikinji filosofiýadan”tapawutlandyrypdyr. Taryhda metafizika adyny alan birinji filosofiýanyň garaýan meseleleri tebigat bolman, akyl ýöretmeklik esasynda aňladýan duýgudan ýokardaky baky manylardyr. Aristoteliň pikirine görä , diňe birinji filosofiýa sözüň doly manysynda filosofiýadyr. Şonuň bilen bir hatarda Aristotel fizika, tebigat baradaky taglymatlaryň hem filosofiýalygyny iňkär etmändir, ýöne ol olary ikinji filosofiýa diyip hasaplapdyr. Platonyň filosofiýasyna Sokratyň taglymaty täsir eden bolsa, onuň özüniň filosofik garaýyşlary Platon Akademiýasynyň tanymal uçurymy Aristotel tarapyndan ösdürilipdir. Aristoteliň aýtmagyna görä, adam diňe bir paýhasly bolman, eýsem ol ýaşaýşy jemgyýetden aýralykda bolup bilmeýän“syýasy haýwan”hem bolýar diyip düşündiripdir. Adamlaryň bilelikdaki ýaşaýşy maşgaladan başlanyp, ugur we oba-kendiň üsti bilen ösüp, ugur we kent aragatnaşygyny düzýän döwlete çenli galýar. Birleşmäniň iň ýokary gornüşi bolan döwlet belent abadançylyga gonugýar. Şu nukdaýnazardan Aristotel gadymy grek polisleriniň syýasy gurluşynyň görnüşleri bolan maşgalany, ykdysadyýeti, gulçulyk döwrüni derňeýär.
Aristotel
-
URGENCLI
12 years ago
- sagbol älemdarow.
zumerchi 12 years ago