Türkmenleriň we beyleki ençeme turki halklaryň gadymy ata-babalary bolan ‘’saklar’’ b.e öňki müňýyllyklarda kopsanly göçme taypalaryň birleşmesinden emele gelip, uly we güýçli halk derejesine yetipdir. Olar b.e öňki 8-nji, 6-njy asyrlarda orta we merkezi aziyanyň giň sähralarynda yaşapdyrlar. Gadymy grek alymy Gerodotyň yazmagyna görä b.e öňki 3-nji asyrda hoküm süren eyran şasy Dariyiň eýýamynda saklara ‘’dahlar’’ hem diylipdir. Yewropa goçen ‘’saklar’’ ‘’skif’’ ady bilen bellidir.bu etnonimiň köki hem ‘’sak’’ sözündendir. Taryhdan mälim bolşuna görä saklaryň bir bölegi mundan 2 300 ýyl öň turkmenistana aralaşyp parfiya döwletini döretmäge işjeň gatnaşyar.sonra saklar turkmen we beyleki halklaryň arasyna siňip gidyär. Turkmen tire-taypa atlary bolan sakar, sayat, saýynly, we ş.m ençeme etnonimler hut ‘’sak’’ sözüniň gatnaşmagynda dörän atlardyr. Yewropa we rus alymlary saklary eyran dilli halk bolupdyr diyyärler. Emma garagalpak, turk we azerbayjan alymlary sak halkynyň turki dilli halkdygyny aydypdyrlar. Saklaryň hemmesi bolmasa iň bolmanda belli bir bölegi turki dilde gepläpdirler. Belki eyran dilli halklara gatyşan bolekleri soňra bu dili kabul edendirler. Bu sözüň sak ýagny sakçy, garawul diyen turki sözünden dörän bolmagy hem ähtimaldyr

Köneler, URGENCLI tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir