ylymda saklaryň (skifleriň) uly bir bölümleriniň biri hasaplanyan we ençeme turki halklaryň, şol sanda turkmenleriň iňňän gadymy ata-babalarynyň biri bolan ''massagetler'' biziň eramyzdan ozalky 8-nji, 6-njy asyrlarda syrderya we amyderyaň aşak akymlarynda yaşapdyrlar. olaryň etniki adynyň manysy barada ylymda dürli çaklamalar duş gelyär. alymlaryň bir topary gadymy grek taryhçylarynyň maglumatlaryna esaslanyp, ony meşhur ''awesta'' kitabymyzdaky ''maso-ka-tay'' (yagny çig balyk iyyänler) sözi bilen baglanyşdyryarlar. başga köp alymlar bolsa hytaý senenamalarynda ''da-yue-çji''(beyik, uly yue-çji) gornüşinde yazylyşyndan ugur alyp, ''massaget'' etnoniminiň ''beyik getler'' manysynyň tarapyny tutyarlar garagalpak alymy daulen aytmyradow bolsa bu ady aglaba turki dillerde rowaç bolan bas, mas (yagny baş) we altay dilinde gulpak manysynda saklanyp galan ''kede'' sözünden hasaplap onuň manysyny ''depesinde gulpak goyyanlar'' diyip düşündiryär. azerbayjan we turk alymlarynyň pikirlerine görä ''massaget'' sözi ''baş saklar'' diyen manydadyr. yagny ''baş sakat - massakat - massaget (adyň yzyndaky t goşulmasy bolsa koplügi bildiryär) alym soltanşa atanyýazow hem sonky pikirin tarapynda

Köneler, URGENCLI tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir