Raziniň ýaşan döwründe Ýewropada kemakyllara hem-de ruhy taýdan näsag adamlara “şeýtana uýan” diýlip, dürli jebir-sütemler edilýärdi. Razi ruhy näsaglary bejermekde ýewropaly lukmanlara ýol görkezýär. Raziniň bu mowzuk bilen baglanyşykly orta atan ylmy delillerine Ýewropada diňe 18. asyryň ortalarynda doly düşünilýär. Şol döwürlerde yslam dünýäsinde şeýle hassalar ýörite keselhanalarada bejerilýärdi. Er-Razi beýik lukman hem-de ady belli himik Ol amaly (tejribe esasly) himiýanyň düýbüni tutýar. Medisinada himiýa ylmyndan peýdalanmagy başarýar. Oňa günbatarda her näçe “Gündogaryň Kalinosy” diýseler hem, Raziniň sarpasy ondan hem ýokarydy. Trikot Roýar ol hakda gürrüň edeninde: “Ibn Sina bilen Razini birbirinden tapawutlandyrmak kyn” diýýär. Parižiň Medisina fakultetiniň nutuk zalynda Razi bilen Ibn Sinanyň suratlary asylgy. Bu, elbetde, Ýewropanyň bu beýik alymlara hormatynyň uludugynyň aýdyň görkezijisidir. XVII asyryň başlarynda Türbingen we Oder derýasynyň boýundaky Frankfurt uniwersitetinde ders maksatnamalarynyň esasyny olaryň eden işleri düzýärdi. Raziniň kitaplary Ibn Sina we Ibn Rüşdiniň kitaplary ýaly Hipokratyň, Galeniň kitaplaryna deňelipdir. Ýewropa şol asyrlarda medisinany bu gündogar alymlarynyň kitaplaryndan üzňelikde asla göz öňüne hem getirip bilmändir.
makgush 12 years ago- Gyzykly maglumat.