Taksi duralgasynda iki sürüji biri-biri bilen gohlaşmaga başlady. Sebäbi-de biriniň beýleki sürüjiniň müşderisini yryp, özi almagydy. Biz ulagda garaşyp otyrkak, olar bir-biri bilen esli salym sene-mene edişenlerinden soňra aýryldylar. Mydama bolşy ýaly “uruşdan soňky batyrlyk” başlady. Beýleki sürüjiniň nämeler diýip galanyny bilemok, ýöne biziň gahrymanymyz aldyrany bar ýaly ýokary tizlikde sürýän ulagynyň rulunda ýaňy sözi azaşan kärdeş dostyna: - Diňe özi däl, nejisiň ýüregem gara, gap-gara! – diýip, özüne pitiwa berýän ýok hem bolsa, sögündi oturdy. Pikir etdim, kalp ynsanyň ýaşaýyş üçin iň gerekli organy. Onsoň hem, ony islän wagtyň el bilen barlap, göz bilen görüp ýörmegem-ä mümkin däl. Ýeri, onda bu sürüji kärdeş ýoldaşynyň gara ýüreklidigini nädip “bildikä”?! Aslyýetinde başga birini “gara ýüreklilikde” aýyplaýan diňe bir bu sürüji däldi. Birnäçelerine Hakyň öňündäki ybadat borçlaryny ýatladanyňda hem: - Sen meniň bolşuma däl, ýüregimiň arassalygyna seret, arassalygyna... - diýýärler. Eýsem, Kalp tämizligi nähili zat? Gara ýürekli diýip kime aýdylýar? Päk ýürekli nähili bolunýar? Şu sowallara kanagatlanarly jogap berip bilmek üçin kitaphanamdaky kitaplary dörüşdirip ýörkäm bir hadys-y şerif ünsümi çekdi. Bu hadys-y şerifiň manysy şeýledi: “Ynsan günä iş edende, ýüreginde bir gara tegmil peýda bolar. Günäleri köpeldigiçe, tegmiller-de köpeler. Soňunda, ýürek yzygiderli edilen günäler zerarly gap-gara bolar.” Diýmek el bilen tutup, göz bilen görüp bilmeýän kalbymyzyň gap-gara ýa-da ap-akdygyny diňe eden amallarymyzy gözden geçirmek arkaly bilýäris. Her günä iş edenimizde ýüregimizde ýene bir gara tegmil peýda bolýar. Günäler köpeldigisaýyn ýüregimizdäki gara tegmillerem köpelip, soňunda kalbymyzy şar gara kömür bölegi ýaly garaldýarys. Şu halatda ynsan “Gara ýürekli adam” bolýar. Mutaffifin Süresindäki bir aýadyň yşaradyndan şu manyny aňlarys. Şeýle diýýär: “Ýok, belki ýüreklerini edýän işleriniň tegmili gaplap aldy. Ýagny, günäleri sebäpli ýürekleri garaldy.” - “Meniň ýüregim päk”, “Meniň kalbym arassa” diýýänlere ýüreklerini çykaryp görkezmeklerini haýyş edýärin. Elbetde, görkezip bilmezler. Bu ýagdaýda, el bilen tutup, göz bilen görüp bolmaýan zadyň häsiýetini yşarat we alamatlaryndan aňlamaly bolýarys. Ýüregiň eýesi günä edýän bolsa, ýüregi garalandyr, garalmaga dowam edýändir. Sogap işleýän bolsa, her sogap ýüredäki bir tegmili aýyrjakdygy üçin, ýüregi arassalanmaga başlapdyr diýmekdir. Ulagmyzyň sürüjisine, dogrusy, haýpym geldi. Belki-de, hakykatdan hem onuň aýdyşy ýaly kärdeşiniň “Diňe özi däl, ýüregem gara, gap-garadyr?!” Çünki, yzdan gelip, uly başarjaňlyk bilen nobaty bozup, öňe geçipdir we başga biriniň müşderisini “ogurlamak bilen” ýüregine ýene bir gara tegmil düşüripdi. Geliň, biz hem özümüz barada pikirleneliň! Biziň ýüregimiz nähilikä?
AHAL 12 years ago- men yuregima gapgaradyray.