Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek, Ne-de gidenlerden bilerdik derek. Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Şonda-da käteler bälçiräp içgin, Diýerdik:" Söýüşmek hemme wagt mümkin. Öýlenmek- gerek zat köpelmek üçin, Urşuň gazap wagty, Adam az wagty!..." Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim, Diňe gatyşypdy demiňe demim. Soň bir gün bozuldy beýle edebim, Meniň Jeýhun wagtym, Seniň ýaz wagtyň. Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy, Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy. Buşlugymy lebiňden üzüldim ýagşy Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň... Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam, Iň ilkinji soldat dolandy aman. Şoldy ilki posa ilki bahana, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň... Sagymyz- derýady, çepimiz gaçy, Toraňňyň saýasy. Awgustyň 3-i. Birden dolup gitdi gujagmyň içi, Meniň bürgüt wagtym, Seniň gaz wagtyň. Gijeler adyňy nagş edip şygra, Gündüzler özüňi basardym bagra. Emma arzuwlarymyz barmady ugra, Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň. Kerim Gurbannepesow( yashlyk dramasyna goshulmadyk bentler, shahyryn arhiwinden)
Okap gorun belki gownunize yarar...
-
heartbreaker
12 years ago
- shahyryn arhiwinden diylen yazgyny gorup siz bilen paylashmagy makul bildim
-
maloyjan
12 years ago
- ay sagjabol omrun uzak bolsun gorjegin gowulyk iyjegin yag geyjegin yupek barjagynam gulak bolsun, sagbol paylashanyn ucin :)
-
nlo
12 years ago
- kerim agagn goşgularynda hemişe yüregindaki bar
Filip 12 years ago- Sag bol! Okamandyk bu bentlerni!