türkmen şahyrlarynyň arasynda haýsy şahyry has halaýaňyz? klassik şahyrlarynymy ýa-da xx asyra degişli şahyrlary? asla adamyň şahyr bolup goşgy ýazmagyna näme sebäp bolýar? belki söýgi diýjeksiňiz, emma şahyrlar 10-14 ýaşda söýginiň nämedigini bir bilýälermi? meniň özümä kerim agany halaýan. näme diýseňem kerim gurbannepesowyň ýazan goşgularyny özüme ýakyn saýýan. ýazan temalaryny okanyňda ap-aňsatja düşünip bolýar, halka düşnükli dilde ýazypdyr. şu goşgulary gysgajyk bolsa-da, yzynda uly many ýatyr. maslahat dostsurap, dostuňa diýseler “ýaman “, bilip goý: özüňe gaçýandyr ynam. aşyk ýigidiň söýgülisine ýazan hatyndan ...”eý ,sen, gara gözli, bugdaýreňk maýsam, saňa şeýle söýgi bilen doly men , seni birje gezek bagryma bassam, hudaýdanam köp ýaşajak ýaly men...” “omar haýýam 80 ýaşynda-da söýşüpdir. men näme üçin 60-ymda söýüşmäge mynasyp dälmişim?” diýen adama berip bilmedik jogabym bu niçiksi söýgi? bu niçik päl sen? ne diýer il-günüň gözüne ilseň? “haý”-dan soň “ýam” bolsaň, hijem-le weli, “wan” bolanyň üçin mynasyp däl sen.

Köneler, heartbreaker tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir