Dostlar-a, dostum meniň şirin jandan söýgülidir, Jan kibi pynhan jahanda äleme belgilidir. Baş bile barsam aňa, handan olursa güzeri, Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ýoludyr. Diýrdi ýar: Men aşygym öz elim le katl edem, Andan owwal gam meni paýmal edip almalydyr. Özge aşyklaryň olsa paýy bent zülp-taryna, Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr. Gaýry le bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar, Mejlis içre ýatedip diý: “Ol garyp gaýgylydyr”. Ýar geler, wagt-da gider, gaflata batmyş gözlerim, Açaýyn diýsem, açylmaz, ne agyr uýkulydyr. Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz, Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr.

Köneler, Jeihun07 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir