käte oýa batyaň durmuşyň hakda, ýeňişleriň hakda, ýeňlişleň hakda, ýatlamak nähili agyram bolsa düzedip bolmajak ýalňyşlaň hakda. gynanmana sansyz sebäp bolsa-da, begenýäň dostlaryň barlygy üçin. ýöne käte ýeke galaýan wagtyň, gynanýaň hataly ýaşlygyň üçin. gynanýaň artykmaç gepläniň üçin, märekeli ýerde, ýa başga ýerde. gynanýaň howlukmaç kararyň üçin, garaşmaly ýerde, ýa başga ýerde. gynanýaň duşmedik azabyň üçin, okabam gowy ýer almanyň üçin, ýa ugrunda arman-ýadaman işlap işiňde in gowy bolmanyň üçin. gynanýaň söýgiňde ýenleniň üçin, mert bolup ýaryny söýmaniň üçin, ýaryň başga birine söz berenini eşitmezden burun, ölmäniň üçin. gynanýaň, gynanýaň yene gynanýaň, herbir şowsuzlyga erksiz gynanýaň. şonda-da dikelip ýöräniň üçin dostlaň arasynda çäksiz sylanýaň! ajysyz ýaşaýyş bolsady eger, hemmeler bagtly bolardy meger, ýöne baky dunýä göz ýumýan wagtyň bir şatlanyp bilseň barsyna deger!

Köneler, Kurtoy tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir