dostlar halys ýadadym, sallahlygyň derdinden. taňrym özüň dyndargyn, beýle ýowuz şertiňden. deň-duşlarymyň bary, boldy işikli-öýli, dostlarym ýakyp gitdi, meni ilkinji söýgi. söýdüm ikinji gezek, klasdaşym maraly. olam gaçyp zut gitdi, kamersantmyş barany. soňra üçinji söýgim, durdulynyň çemeni, olam gaçyp gidipdir, ejemiň paýlan güni çemeni. soňra bir gün hat ýazdym, goňşyň gyzy jerene. hatymy gowşur diýip, berdim garry eneme. enem bilmän beripdir, kiçileri gerege. salam hatym geçipdir, gerekden soň näzgüle, näzgülden soň ýazgüle, ýazgül ony beripdir, sagymçy gyz bahara, baharam myhman bilen, ugradypdyr ahala. ahalda-da sallahlar, okapdyr üýşüp-üýşüp, haty kim ýazan bolsa, tüýs şahyr eken diýşip, garaz üstümden gülşüp. bir gün diýdim ejeme: -kimkä meň bagtym açjak, gelinligiň üstünden, haçan sen bişme seçjek?! ejem diýdi: -jan oglum, kim gyz seniň aşygyň? ýa bolmasa alaly, sagymçy, bahar gyzy aşyryň! entegä ýokmyş şoňa, saçakly sawçy gelen. -wah, ejejan şol dälmi, hatymy ahala ugradyp, meni şu güne salan. -onda oglum alaly, obaň lukman gyzyny. -seň ol lukman diýýäniň, annaň aryk gyzymy, ýok ejejan aljak däl, bir görsediň näzini, lukmanmyşyn diýseler, kimkä diýýä özüni. -gowsy eje alaly, patma daýzaň ajabyn. -wah, geçen agşam jan oglum, açypdyrlar oň saçagyn. -onda eje alaly, aşyr agaň tokgasyn, -goýaweri jan oglum, ondan hudaý saklasyn. göreňokmy koçede, onuň bolup ýörşini, arkasyz köýnek geýip, güne ýakyp gerşini. -onda eje kim meniň, bu dünýede geregim?! -ylalaşsaň patdynyň, gyzyn alyp bereýin. şeýdip ejem ugrady, patdyň gyzy çeçege. gadyrly garşy alyp, patdy diýen ejeme: -gyz geregiň çyn bolsa, ellibäşi düw- diýpdir. ejem gaýdyp çiň-arkan, bir sagatdan-suw-diýpdir. suw içensoň dessine, ejem gelip essine, öýe tarap ylgapdyr, patdy bolsa gyzyna: -nätdim-diýip ümläpdir. geldi bir wagt ejemjan, ýüzünde ýok ýakymy, diýdim:-nätdiň ejejan, gurtmy ýa tilkimi?! -wah, gurdam gursun, tilkisem, gyzam gursun patdynyň, indi gaýdyp şonuňka, soňy bolsun gitdigmiň. şodur-şodur kes-kelläm, ejem öýden çykmady. gaýtam syr-süpür, pol ýuw, onam maňa ýükledi. şeýdip, syr-süpür, pol ýuw bilen, geziberdim özüm gynap. aý günlerem geçip dur, sagat minudyn sanap. ine, günleň bir güni, kursdaşym sülgüni, gördüm täze bazarda, ol gyzlaryň gülgüni. diýdi:-senem barmysyň, sag amanja ýörmisiň! diýdim-menem barynla, ýarym-ýarty ýörünle. jak-jak etdi alçak gyz, -waheý işiň gaýdypdyr. menä seni agtykly, bolansyňam öýdüpdim. -gaýgy etme kursdaşym, taňry bir zat eçiler. ynha bir gün seniňem, paraşýudyň açylar. -menä gaýgy edemok, ýogsam menem boş- diýdi. -sülgünjemal onda men saňa, ......-ýok, aramyz daş- diýdi. -ol nähili daşmyşyn, beý diýmedä alma-nar. -göreňokmy arada, ýapdan kiçi salma bar. -sen aňyrda, men bärde, goýalyla myş-myşy. -wah, salmaň alajy borla, tapylarla ýasgasy. -tapjak bolsaň şu wagta, bolmadymy çak- diýdi. -ahyr yrdyň ýerçeken, hany bäri bök- diýdi. ine şeýdip öýlendim, bile okan gyzyma. görüňä bolýan zatlary, gulak goýuň yzyna. bir partada oturup, bile alsamam diplomy. gapdalymda otursa-da, aňmandyryn men şony. gaýtam "bagtym tapjak" diýp, niräni yzlapdyryn. bagtym ýanymda eken, a, men bolsa gözläpdirin.
Degismejik
-
Aray
12 years ago
- bet ekenay :-)
-
prezident
12 years ago
ejem gaýdyp diň arkan,
bir sagatdan "suw" diýpdir.
şu ýeri bet bolupdyrdyraý
-
Aray
12 years ago
- Turkmen artisrlerimizem duzubermelida shular yaly degishme sahnajyklary... belki baram bolsa bilmedim, yone gowja degishme eken :-)
-
magnit
12 years ago
- muny bir toýda tmda okaýa, wideosy bolmaly
magnit 12 years ago- tilpunda dinlapdim, betinden :D