*** bu dünýeden gowy dünýe barmyka söwer ýary söýmek, söýdürmek üçin? çünki gije ýyldyzlaram, gözlerin näz bilen gypyşýar. bu dünýeden gowy dünýe barmyka dostdugyňy tanatmak, dostuňy tanamak üçin? çünki menziller uzak, gözýetimde kötel ýollar tapyşýar. bu dünýeden gowy dünýe barmyka girip-çykyp, ýaşap ýörmegiň üçin? çünki hiç kimden minnetsiz, wagtly wagtynda gün dogup ýaşýar. bu dünýede şa bol, ýa bol sen geda, söýgüliňe gowuş, ýa düş sen jyda, ýapyşarsyň her demiňe, diýersiň ýyrtyp ýakaň, bu dünýeden gowy dünýe barmyka?! bir günem hassasyň, ýatansyň, tükeniksiz gaýgy-gussa batansyň, ýene-de geler şol sowal, bu dünýeden gowy dünýe barmyka? ine-de alyp gitdiler, başga bir dünýä baka. taşladyň ýaryňy, söwer dostuňy, şalygy, gedalygy, misli barysy hiç eken. emma şeýdip gitmek üçin, bu dünýeden gowy dünýe barmyka?
«bu dünýeden gowy dünýe barmyka»
-
ttmli
12 years ago
- ylýas amangeldin taze kitabymay dost. $u yazaryn makalalaryny nirden alyp borka? Kömek edayin
ttmli 12 years ago- ylýas amangeldin taze kitabymay dost. $u yazaryn makalalaryny nirden alyp borka? Kömek edayin