1.baýat ady bilen başladym sözi, ýaradan, ýöreden, geçirimli özi. 2.çäksiz öwgi bilen sena müň tümen, uly biribara bolmaz hiç ýaman. 3.gara ýer, gök asman, gün, aý bilen tün, ýaratdy ynsany art-arda bu gün. 4.diledi, ýaratdy, boldy bary jem, birbada “bol!” diýdi, döredi şol dem. 5.döränleriň barçasyna zerurdyr, täkdir, deň-duşy ýok, ol – biribardyr! 6.eý, uly ýaradan, ebedi baýat, senden başgasyna ýaraşmaz bu at! 7.ululygam saňa, beýiklik saňa, senden özge hiç kim, deň-duş ýok saňa. 8.eý biribar, saňa birikmez deňi, barçanyň öňi sen, şeýle hem soňy. 9.hiç sana goşulmaz seniň birligiň, ähli zat bilýändir seniň barlygyň. 10.synmaz ebedi sen, eý biribarym, goşulmaz, aýrylmaz sanda hasabym. 11.iç-daşyň bilgiji, eý hakkul-ýekün, gözümden yrak sen, köňlüme ýakyn. 12.barlygyň belli seň, aýdyň gün-aý dek, neneňsi sen? muňa ýetjek akyl ýok! 13.akyl ýetmez seniň beýle barlygňa, akly sen ýaratdyň, haýran – zorlugňa! 14.barçany ýaratdyň, boldy bu barlyk, olar gider, sensiň ýeke-täk dirlik. 15.ýaradan – baryňa döretmiş tanyk, dörän ikiň biri tanykdyr anyk. 16. oňa ogşaýan ýok, hem ýok meňzäni, ýetmez asla muňa halaýyk aňy. 17.ne ýörär, ne ýatar, uklamaz – oýa, ne meňzär, ne ýaňzar, götermez boýa. 18.ne yz, ne öň, ne sagdadyr, ne solda, ast-üsti bilinmez, ol haýsy golda?! 19.orny ol döretdi, orun ýok oňa, onsuz orun ýokdur, düşün sen muňa. 20.eý sen syra ýakyn, köňli gurşaýan, saňa şaýat bary, bu hemmä aýan. 21.döretdiň müň tümen janly barlygy, dag, deňiz, depe hem çukurlygy. 22.gök asmany bezediň tümen ýyldyzdan, gara tüni aýdyňlatdyň gündizden. 23.uçan, gaçan, ýörän, duran baryna, senden iýmit alyp geçir törüne. 24.arş – kürsüm, ýer – gögüm, bärim hem aňrym, barça saňa mätäç, eý beýik taňrym! 25.biribarym diýseň, diliň bilen öw! köňülde şek tutma, ony aýyr, kow! 26.näm üçüne girme, düzle köňlüňi, barlygyna ynan, gazan soňlugy. 27.näm üçin, haçana girme, tut özüň, sebäpler sorama, uzaltma sözüň. 28.eý rehimdar taňrym, sadyk guluň men, bütin günälermi bagyşlawer sen. 29.eý rehimdar taňrym, sygynýan saňa, büdrän ýerlerimde el uzat maňa! 30.mähir sawçy bilen goldagyn meni, elimden tutawer gönülik güni. 31.dört deň-duşa menden tümen müň salam, ýetewersin üznüksiz oňa bu kelam. 32.uly günde görkez olaryň ýüzün, elim tutsun, diýsin ýagşyrak sözün. 33.seni boşluň ýaly öwemok özüm, seni özüň öw! kesildi sözüm.
Taňrynyň ezizliginiň we beýikliginiň waspyny beýan eder
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol.richer dost!
-
mavibonjuk
12 years ago
- richer kop kop sag bol.birnace adamyn soz bilen beyan edip bilmedik dilegini,siz goshgy setiri bilen beyan edipsiniz.{uly talant}sheyle setirleri yene yetirersiniz dp umyt edyan.
sahett 12 years ago- özün düzdünmi?