“Meñ ýüregim arassa” diýýänlere nädip jogap bermeli? -Men namaz okamok, oraza-da tutamok.. Aý, garaz diniñ kada-kanunlaryna kän uýup baramok. Yöne meniñ ýüregim arassa.. Hiç kime ýamanlygym ýok. -Yüregiñ arassa bolmagy , elbetde, gowy zat. Töwerekde onça bedasyl adamlar barka, päk ýürekli adamlar , elbetde, olardan müñ esse gowy. Yöne onuñ ýeke özi bize ýetmeýär. Hereket gerek. Yürekdäki duýgylar herekede geçmeýän bolsa aslynda olaryñ ýönekeýdigi hakda pikir ýöretsek hem ýalñyşmasak gerek.. -Ol nähili? -Mysal üçin eneler çagalaryny mähir bilen bagyrlaryna basarlar, şeýle dälmi? -Hawa.. -Olary söýerler, söýýändikleri nameden belli bolýar? -(…) -Hereketlerinden.. Olaryñ hapa arlyklaryny ýuwmaklaryndan, özleri aç galsa-da çagalarynyñ agzyna bir döwüm çörek goýup bilseler begenmeklerinden.. Şeýle dälmi? - Hawwa oña düşündim welin şonda-da meñ pikirimçe ýöregiñ arassa bolsa ýetýär.. -Şeýlemi? -Hawa.. -Onda agşam bize nahara çagyraýyn seni. Naharyñ dürli görnüşinden öñüñde goýaýyn.. İýibermeli.. Yöne ýekeje şert bilen.. -Ol nähili şert? -Eliñi-aýagyñy ulanmaly däl.. Saçagyñ başynda oturmaly we diñe yüregiñi arassa tutup garnyñy doýurmaly.. Edip bilermiñ? - Elbetde, edip bilmerin, hereket etmän nädip nahar iýeýin?! -Yañky diýýän zadyñam şuña meñzeş.. Diñe ýüregiñ arassa bolany bilen jennedi gazanyp bilmersiñ..
Ýüregim arassalyk ýetýärmi?
-
asiya
12 years ago
- Hehe gaty gowy dushundirish... sagbol bize yetireniñe allah razy bolsun. Bizem nadip dushundirjegimizi bilman yors... thanx :)
-
owreniji
12 years ago
- Amallaram niýete bagly. Şonuň üçin esasy ýüregiň arassa bolmaly!
Iýmän doýmaly diýýäň welin,
maddy zatdan ruhy zat almak bolýar.
getirilen mysal ygtybarly däl
-
Bravo
12 years ago
- gow yazylypdyr malades awtor. meniň ýüregm arassa namaz okamasamam dp heşelle kakýanlara gowja sapak... kapyr bilen musulmanyň tapawudy namazdadyr dp Pygamberimiz (s.a.w.) aýdyp gidipdir.
asiya 12 years ago- Hehe gaty gowy dushundirish... sagbol bize yetireniñe allah razy bolsun. Bizem nadip dushundirjegimizi bilman yors... thanx :)