Ýer togalagynda diňe iki ýerde hasaba alnan – gün şöhlesiniň dik düşýän ýeri – Müsürde Nil derýasynyň boýundaky Asuan we Geluan atly ýanaşyk sanatoriler ýaly dünýä meşhur Baýramaly böwrek sanatorisi-de tebigatyň türkmen topragyna eçilen gymmatly peşgeşi hasaplanýar. Gün şöhlesiniň täsiri bilen böwrekde, ýürekde döreýän keselleri bejerip bolýandygy takykaklanandan soň, bu ýerde 40-gapy ady bilen 1903-nji ýylda rus arhitektorlary tarapyndan ak patyşanyň rezidensiýasy gurulýar. Soňra 1929-njy ýylda rus alymy Aleksandrowyň ýerli alymlar bilen bilelikde geçiren barlaglary gün şöhlesiniň Müsürdäki ýaly bejeriş häsiýetiniň bardygyny doly tassyklaýar. Alymlaryň barlaglaryndan soň, 1933-nji ýylda bu ýerde 25 adamlyk ilkinji sanatoriý gurulýar. 24 gektar meýdany tutýan sanatoriý soňra giňelip, onda birnäçe ýaşaýyş jaýlary, sagaldyş merkezi naharhana gurulýar. Böwrek, ýürek keselinden ejir çekýänleriň, bejergi almaga gelýänleriniň birbada 800-sini kabul edip bilýän Baýramaly böwrek sanatorisiniň tutýan meýdany gür baglyga bürenip otyr. Onda dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen, dürli hem täsin agaçlaryň ýaşy 100- den geçenleri goýy kölege berýär. Ýurduň ähli künjeklerindenem, daşary döwletlerdenem, saglygyny dikeltmäge bu ýere gelýänleriň yzy üzülmeýär. Sanatoriý näsaglary ýylyň bütin dowamynda kabul edýär. Şypahananyň üç gatdan ybarat sagaldyş merkezinde ähli amatlyklar berjaý edilipdir. Täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan otaglarda bejergi almagyň ähli görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Birbada 20 adamy kabul edip bilýän ruhy bejergi geçirilýän otag Türkmenistanda ilkinji hem ýeke- täk otagdyr. Sekiz adama niýetlenen ozekerit bejergisi alynýan otag, 15 adama niýetlenen iňňe-refleks terapiýa otagy, 30 adama niýetlenen ýagtylyk wannasy, suw pürkmeler arkaly bejergi geçirilýän otaglar, dürli wannalar, fizoterapiýa otaglary näsaglaryň hyzmatynda. Lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň mylakatly gatnaşyklaryndan, ýaşaýyş jaýlarynyň şertlerinden, arassaçylygyndan, naharhananyň hyzmatlaryndan näsaglar hoşal. Her günde geçirilýän medeni çäreler, hepdede iki gezek taryhy hem keramatly hasaplanýan ýerlere gurnalýan gezelençler näsaglaryň wagtlaryny hoş geçirmegine uly ýardam berýär. Medeni çäreleri gurnamakda medeniýet öýüniň müdiri uly tagallalar edýär. Naharhananyň birinji gatynda azyk we senagat harytlarynyň, dürli suwenirleriň dükanlary bar. Ýadygärlik surata düşmek isleýänler, islän wagty, bu ýerdäki suratçylar ýüz tutup bilýärler.
Baýramaly böwrek sanatoriýsi
-
Bravo
13 years ago
- ekonomiçny salnan diýýäler otaglary (arçman ýaly)...luxe class. gidp görmeli wn... =)
magnit 13 years ago- öñ türkmenistan iñ islegli arçman şypahanasydy. Indi köp kişi baýramalyny saýlaýa...