bokdeman meni! Uce yetdi beren arzamyn sany Gozi yok,garry diyip,bokdeman meni Watan uchin gurban etjek bu jany, Gozi yok,garry diyip,bokdeman meni! Watan goramaga pikirmi berdim, Bagtymyn bedewin mundum-de surdum, Dushmana gulledir sakgalym-murtum, Gozi yok garry diyip, bokdeman mani! Ayagym tankdyr,yuwrup yetisher, Ellerim bombadyr, baryp gatyshar, Billermi berk menin,goresh tutushar, Gozi yok,garry diyip,bokdeman meni! Goshunchylyk sapy- birinji sapdyr, Bizin dek gayduwsyz gahryman kopdur, Ozum dasdan goryan,bilenim - topdur, Gozi yok,garry diyip,bokdeman meni! Bizin batyrlarmyz daglary oyar, Guduz achan Gitler tagtyndan tayar, Gownum aeroplan, asmandan gayar, Gozi yok garry diyip, bokdeman meni! Durdy Gylych,baryp sorajak pajym, Adamhor itlerden alaryn ojum, Hayal gorman,meni,kan menin guyjum, Gozi yok,garry diyip, bokdeman meni!

Köneler, Mergen0492 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir