nyşan Tapdy şöhrat halk içinde bu jahalatdan nyşan, Galdy derwüşler tilinde dagy-hasratdan nyşan, Galmady mazlumlara desti-nusratdan nyşan, Serbe-ser doldy jahana bu bet apatdan nyşan, Degdi alem ahline yüz mün hyjalatdan nyşan, är bilerler, kimde bolsa ol şeraratdan nyşan, Yada salmaz hayr işni, tapgan zelalatdan nyşan, Ne mürewwetden eser bar, ne adalatdan nyşan. Şek degildir, dostlarym,geldi kyyamatdan nyşan. (desti-nusrat: yardam eli) Her kişi betgatda batyr-anlary ar bildiler, Şerg işin bet anlayyp, bet işni hubkar bildiler. Dostlary hayyn bilip, hayynlary yar bildiler, Tamyga eylap towap, kanyglary zar bildiler, Kim şerigat ehli bolsa,hüjüm edip har bildiler, Münküri mürşit bilip, yalanny ykrar bildiler Gümranyny takwa sanyp, takwany inkar bildiler, Şek degildir, dostlarym,geldi kyyamatdan nyşan. Hormat ahli boldy ol, kimin golunda sazydyr, Kim kelam okysa, halk yanda har awazydyr. Dertleri derwüşlerin hylwatda halk enbazydyr, Ortada gyzu-juwan, tiyr sen ki toydur-bazydyr, Syçraşar gyzu-gelin, üstüge göya tazydyr, Hak işinden bihabar, halk içre bagzy kazydyr, Tabygy jyndan anyn, hakyky şeytan özüdir, Tamygyn dykanjydyr, her kim bu işge razydyr. Şek degildir, dostlarym,geldi kyyamatdan nyşan. Tanry, pygamber sözünden bihabardyr pirler, Pasyky kazy bilip, zalymny nayyp diyrler. Her kişi owwal gelip görse rişwet iyrler, Baglayyp böhtan ile, pakr ahline tagsyrlar, Selle baglap başyga aç böri sopy-pirler, Eyleyip halk üstüge köp hileyi-tezwirler, Ger halaly, ger haram tapsa tykarlar iyrler, Rozy-magşar, hak-resulga ne jogaby biyrler? Şek degildir, dostlarym,geldi kyyamatdan nyşan. Egsewer, Magtymguly, söz birle derdin her zaman, Ne üçin zalymga nobat bedri bu döwrü-zaman? Anyn üçin göz görenler, eşidenler geldi güöman. Eyleyip bir birege dagwayy-batylny heman, Bir şayylyk mal üçin takyk berer elden iman, Özüni ar sanadyr-kim artk iş etse yaman, Hun-nahakdan kişi yüz şowh eder dökmekge gan, Gürbanin güyji eger, gaplan, kepa bermez aman Şek degildir, dostlarym,geldi kyyamatdan nyşan. Ta algança gözüni Aşyk ataş görse, urar ataş içre özüni Gül royuna kylar nazar, ta algança gözüni. Bu yşkyn zulmy birlen ança jandan hary-zar Magşukyna bolsa duçar, tapmaz diyjek sözüni. Bu pany jahana bakyn, gymmat eylemiş yşky Dayym bitütün kylypdyr, görün yşkyn közüni. Aşyk görse magşukyny yylyn hazan paslynda Özüni ol yana atar, unudyp ol yazyny. Köl içinde görer bolsa kakiligi, tawusy Birini göze alman, gözleyir ol gazyny. Simap kibi jan titrese, eşki aksa sil kibi Dersini çün unudyp ol çeker yaryn nazini. Ger onun ol magşugy sahypjemal bolmasa hem, Gayry gözel jenanlarga öwürmez ol yüzüni. Jyda bolsa gözelinden unudar pany-jahan Din imany gitse gelmez, arşa yetir awazyny. Elem bilen gözel yara yylda yeke gowuşsa Diyse ol peri ana, gurar bijin bazyny. Güller içre bir güli bar, gayry susan islemez Şol gül diyip urar başyn her kanda ol özüni. Eger ol yer kylsa oyun perilerge baş goşup Yüreginden owaz eylar goşup ona sazyny. Magtymguly, bu ne sözdir, sen ki aşyk imes sen, Haysy jayda eşitdin sen ol mejnunyn nyyazyny?

Köneler, samat tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir