Yzda goýýanyňa gyzlyk durmuşyn, "Gynanýaryn" diýip aglama, läläm! Söküp barýanyňa ýolun durmuşyň, "Tolgunýaryn" diýip aglama, läläm! Bagty tapmak asla bolmazmyş aňsat, Aglamaklyk ejizlikden alamat, Kyny ýeňmek üçin etmeli gaýrat, Ejizleme, mert bol, aglama, läläm! Hakykat sheýledir, gysgadyr diliñ, Kömek gerek bolsa uzadaý eliñ, Ol-a är bolmaly, sen bolsa gelin, öwrenisher muña añ-ruhuñ, diliñ. öwrenishýänçäñ welin aglama, läläm! Nika bir basgançak, basar gideris, Soňra durmuş gapysyndan äderis, Zähmet çöreginden bile gäderis, Kynçylykdan gorkup aglama, läläm! Ýa-da düşünişim ýalňyşmy, ýarym? Begenç damjasymy ol gözýaşlaryň? Eger-de, bu şeýle bolsa, dildarym, Agla, agla, agla, aglaber, läläm!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir