Salam dostlar, Arada bir gošgujyk ýazan boldum dostluk hakynda. Čúnki okuwa gaýdanym bári dostlammy šeýle bir góresim gelýá welin heý goýaý. Bu gošgujugumam siz bile paýlašmagy ózúme múbessa bildim. Gadyrly dostlar okap górúň gowy bolsa gowy diýiň. Duzy, suwy az ýerleri bar bolsa ýatlatmagy unutmagóriň. DOSDUM HEM MEN. dosdum:Allanur.Saparowa bagyšlanyar. Dosdum meniň,sag golum, Kyn iš dúšse, ýetišýár. Iň ullakan sagbolum, Dos seň paýyňa dúšýár. Dosdum meniň,sag golum, Sag bolsun gara bašyň. Durmuš seni ýakmasyn, Eý čagalyk ýoldašym. Dosdum meniň sag golum, Sag aýagym,sag elim. Diýýáler -saglyk gowy, ýúzi gursun čepligiň. Ýóne men oň, čep goly, Islámok sag bolanyn. Čep aýagy,čep eli, Asla ýokdur ýalanym. Men dosdumyň čep goly, Diýsem gúlýá hemmeler. -seň dostlygyň gowšagrak, šondanam bolup biler. Men dosdumyň čep goly, Diýsem akyl berýáler. -"dosdu gaýmak saýmaly, ózúňi súýt" diýýáler. Men dosdumyň čep goly, Aklyňyzy nádeýin. Diňláň meni góripler, Ýekeje sóz aýdaýyn. Herrelipjik bakýaňyz, Iki gulak kepje deý. Men dosdumyň čep goly, Sewáp dosdum, čepbekeý. Siziň hemmáňize ýúrekdeš dost arzuw etýán. Biderek keláňizi agyrdanym účin bolsa ótúnč soraýan. Sag boluň.
Dosdum hem men.
-
makgush
12 years ago
- Gowja goshky.
-
sivee
12 years ago
- Ooo... cozip yazypsyn...
nupokadi 12 years ago- gowy ýazypsyñ dos sagbol menem doslama göresim gelýä...