Iman-bir zada ynanmak bir zady tassyklamak bir ki$iniñ aydanlaryny kabul etmek diymekdir.Iman sözi ygtykat b/n manyda$ bolup teslim bolmak-boyun egmek manysyny hem oz içine alyar. Allaha iman-Allah tagalanyñ barlygyna yeke-täkligine ynanmak hemde ony sypatlary we gozel atlary b/n doly tanamakdyr.Allaha iman ähli dinlerin esasydyr.Allaha ynanmak oña daýanmak we ybadat etmek mätäçligi ynsanyñ yaradylsynda bardyr. Ahyrete iman-her bir zat yaly $u dünýäniñ hem ömrüniñ gutarjakdygyna soñra bolsa ba$ga bir hala geçjekdigine ynsanyñ täzeden direlip gabyryndan turjakdygyna amal depdernin eyelerne gow$uryljakdygyna her kim dünyäde eden i$lerniñ hasabyny berjekdigine syrat köpürsinden geçmelidigine yag$ylaryn jennete yamanlaryñ jähenneme yagny dowzaha girjekdigine ynanmak diymekdir.
Yslam we biz
-
muzazzi
12 years ago
- sagja bol
-
yrsgal
12 years ago
- Adam ogly ýerýüzüne aýak basan gününden bäri arkaýyn, asuda, bagtly durmuşda ýaşamaklygy arzuwlap, asudalygy dilinde doga öwrüpdir we asuda-parahat durmuş üçin nijeme jeňler gurapdyr...
Bagt – her kimiň gözleýän zady ugrunda gerek bolsa janyny, hany-manyny pida edýän belent maksady. Bagtly bolasy gelmeýän ýeke adamy hem görkezmek kyndyr. Emma bagt näme? Ine asyl mesele...
Ýunanlynyň pikiriçe bagt yşk hem-de söýgi, Sezara görä at-abraý we şöhrat, Faraona görä çäksiz hökmürowanlyk, Karuna göra bolsa baýlyk... Hakyky bagty bu ýollardan agtarýanlar, aldanandyr we betbagtlyga uçrandyr.
Hawa, her adam durmuşyň manysyna başgaça garaýar. Kimisi durmuşyň eşretini köp işläp köp gazanmaklykda görse, kimisi öz islegiçe ýaşamaklygy hem-de çäklendirilmedik erkinligi – elkinligi bagtyň çürbaşy saýýar. Ýöne bularyň hiçisem adamzady bagtly edip bilmeýär. Sebäbi eşretli, bagtly durmuşa diňe imanyň saýasynda ulaşyp bolýar. Bu şol bir wagtyň özünde pygamberleriň çakylygyna hem gulak asmaklyk diýmekdir.
Şeýle bagt çakylygynyň esasyny adamyň özüniň bar durky bilen Allaha ýönelip Oňa boýun bolmaklygy düzýär. Muny başaran mümin, ne nebsine gulak asar, ne-de Alladan başga zatdan gorkup, gaýgy-endişä galar. Çünki indi ol Gudraty Güýçliniň hemaýatyna gireni üçin bagtly. Bagtly, sebäbi ol şuny bilýär: Ol Beýik Biribar özüne ýönelenleri hiç wagt nämut we perişan goýmaýar.
Aslynda mümin çyn ýürekden Allaha ýönelende, Ondan başga ähli zat gözünden ýitýär. Ähli ýalançy güýçler ýeli çykan şar ýaly pyssarýar. Wagtal-wagtal galp şöhleleri bilen gözlerini gamaşdyran ähli pany yşyklar, gelip köňülleri elendirýän Onuň nurunyň öňünde ýekeme-ýeke garalýar. Şeýle mertebä çykan köňül ähli ýalançy güýçleriň täsirinden hem halas bolýar. Diňe Oňa bil baglap, diňe Ondan dalda isleýär. Kyn güne düşende, agyr pursatlarda Oňa bil baglaýar, Oňa sygynýar.... Gurbaty gaçanda Onuň çäksiz güýjinden medet isleýär... Günäler üstüne syçranda, wagt ýitirmän Onuň “merhemet” çeşmelerinde ýuwnup-ardynýar... Bu sebäpden hiç bir hadysanyň öňünde ýan bermän diňe öňe ýöreýär... Wyždany bilen Beýik Biribara ýüzlenip şahsy, maşgala, jemgyýet meselelerini arkaýynlyk bilen çözýär we hiç haçan ruhdan düşmeýär. Kä pursatlarda öz diýaryndan alyslara gitmeli bolaýanynda hem Beýik Biribary söýget bilip, başyna gelenlere takdyryň atan daşlary hökmünde garaýar... Kynçylyklara döş gerip, sabyr gahrymanyna öwrülýär.
Allaha iman we imanda çuňlaşmaklyk arkaly mümin janly-jansyz ähli barlyga edil dosty ýaly garaýar... Her bir zadyň özi üçin ýaradylandygyna aň ýetirip, şükranalyk bilen Beýik Ýaradanyň huzurynda dyz epýär... Aýak basan ýeri, önüp-ösen diýary oňa şeýle mährem görünýär. Barlyga materiýa we tebigy güýçlere esaslanýan nazarýetleriň suratlandyryşy ýaly däl-de, her zady Allahyň ýaradyş gudratyna baglaýan “mümin nazaryýeti” bilen seredýär we özüniň ähli kişä, ähli zada ýakyndygyny duýýar. Dünýädäki ähli barlyga ýylgyryp bakýar. Mümin suw, howany we beýleki ähli nygmatlary Hakdan gelen yhsan saýýar... Gysgaça aýdanyňda mümin özüniň gözel ahlagy bilen bu dünýä dostluk-doganlyk, asuda-parahat durmuş üçin gelendigini ýatladyp durandyr.
Hawa, mömin dawa-jenjelde görünmez. Ol özüniň lezzet alýan duýgularyny başgalaryna hem duýurmagyň we düşünjelerini töwregindäkiler bilen paýşlamagyň arzuwyndadyr. Bu sebäpden mümin özgeleri ýaşatmak üçin kä mahal öz janyny hem gaýgyrmaýar. Mümin her oturyp-turanynda Haka bil baglasa-da, halkdan üzňe ýaşamaýar. Ilden çykmaýar.
-
HaKyKySoYgI
12 years ago
- saw chupre
-
vipboy
12 years ago
- dogry tesvirlapsin
-
asiya
12 years ago
- Yrsag Alla razy bolsun...
ependi 12 years ago- aý saula çäpbi