1. Danalyk çagyrmaýarmy eýsem? Belent jar çekýän düşünje dälmidir? 2. Ol ýol ýakasyndaky belentligiň üstünde, ýodalaryň çatrygynda durýar. 3. Ol şäher derwezeleriniň agzynda, girelgeleriň öňünde durup jar çekýär: 4. "Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn, çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin. 5. Nadanlar, akylly boluň! Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň. 6. Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn, dogryny beýan edýärin. 7. Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär, agzym ýalany ýigrenýär. 8. Bar sözüm dogrudyr, ýokdur egri-ýalany. 9. Düşünýäne olaryň ählisi aýdyňdyr, bilim tapanlar üçin dogrudyr. 10. Kümüşi däl, nesihatymy al, sap altyn ornuna bilim al. 11. Çünki danalyk jöwherden gowudyr, hiç arzyly zat oňa taý gelmez. 12. Men - danalyk, pähim- paýhas bilen ýaşaýaryn, bilim hem akyllylyk mendedir. 13. Rebden gorkmak - ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin. 14. Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir. 15. Men arkaly patyşalar şalyk edýärler, hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar. 16. Serdarlar, emeldarlar, barça dogruçyl höküm ýöredýänler meniň üstüm bilen höküm sürýärler. 17. Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar. 18. Baýlyk, şöhrat, tükenmez mal-mülk we adalat mendedir. 19. Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr, meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr. 20-21. Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýollaryndan ýöreýän. 22. Reb owal başda meni emele getirdi, Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim. 23. Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim. 24. Düýpsüz suwlar ýokka, bol suwly çeşmeler ýokka doguldym. 25-26. Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy. 27. Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim. 28. Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda, 29. Suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňize çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly, 30. bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym. Her gün onuň begenjidim, Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym. 31. Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym, ynsan ogullaryna begendim. 32. Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly! 33. Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň, ony harlamaň. 34. Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr! 35. Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar we Rebbiň razylygyny gazanar. 36. Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir".

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir