Ahalyň hem Mary tekeleriniň hany bolan Nurberdi hanyň ikinji aýaly Güljemal han, takmynan 1836-njy ýylda Tejende dogulyp, 1925-nji ýylda hem Maryda aradançykypdyr. Onuň tiresi: teke-togtamyş-amanşa-gapan-onbegi-soky.1880-njy ýylyň aprel aýynda Nurberdi han aradan çykandan soň, Mary türkmenleriniň arasynda onuň täsiri öňkiden-de güýçlenýär. Ol ozalky türkmen hanlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, Russiýa söweşsiz birikmegiň tarapyndan bolypdyr. Bu meselede Gökdepe galasynyň syndyrylmagynyň hem aýgytly täsir eden bolmagy mümkin. Güljemal han 1891-nji ýylyň ýaz aýlarynda rus admistrasiýasynyň Aşgabatdaky wekili bilen hat alyşyp başlaýar.Ol Mary türkmenleriniň Russiýa birikdirilmegi barada 1884-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ýörite çagyrylan maslahaty-geňeşi taýýarlamaga we ony geçirmäge gatnaşýar.Şeýle hem ol Mary etraplarynyň Russiýa “meýletin” goşulmagy babatda tagalla baryny edipdir. Emma munyň özi hakyky meýletinlik dälde(hiç bir halk azatlygyny, erkinligini öz islegi bilen meýletin başga bir halka bagşlamaýar) örän agyr hem netijesiz gandöküşikliligiň öňini almak üçin paýhaslylyk bilen tapylanýeke-täk çykalgady. Munyň şeýle boljakdygyna şol wagtky halkyň öňe çykaran adamlary Gökdepe syndyrlandan soň açyk göz ýetiripdirler. Ýazyjy N.Hojageldiýew”Gökdepe galasy”(Aşgabat,1991) atly kitabynda: “Soňra 1884-nji ýylda Maryda bolan geňeşiň netijesi hem 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökedepde çözülipdi”- diýmegi ýokarda aýdylan pikirleriň hakykatdygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçinde bu ýerde hakyky meýletinlik barada gürrüň hem bolyp bilmez. Şeýlelikde, Patyşanyň goşunlary Maryny känbir pida çekmezden basyp alýar. Muny nazarda tutyp, patyşa hökümeti Güljemal hana hem-de onuň ýakyn garyndaşlaryna gymmat bahaly sylaglar berýär, şeýle hem Güljemal hanyň özine 2000 manat möçberinde ömürlik pensiýa bellenilýär. Onuň ogly Ýusup hana bolsa milissýanyň kapitany diýlen harby at berlýär. Munuň özi patyşa hökümetiniň türkmen han-beglerini öz tarapyna çekmäge we olary hemişe öz gysymynda saklamaga gönükdirilen syýasatdyr. Güljemal han Türkmenistanyň taryhyna giren çylşyrymly hem köp taraply şahsyýet hasaplanýar. Güljemal hanyň şahsyýeti geljekde taryhçy alymlar tarapyndan täzeçe, dogruçyl öwrenilmegi möhim meseleleriň biridir. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir