söýgi. ähli duýgularyň enesi söýgi. jebir çekdirýär, begendirýär, gaharlandyrýar, gabandyrýar, agladýar, gynandyrýar... belki-de bizi haýwanlardan tapawutly etýän esasy zatlaryň biri... näçe haýwanlardaky perzende bolan söýgi bar hem bolsa bu olarda ýaradylyşdan bolýar... biz adamoglynda bolsa birini näçe tanadygymyzça şonça-da ýakynlaşýas..wah, şu wagt şu mowzuk hakda şeýle köp zat ýazasym gelýär welin başaramok.. sözler täsirsiz gelýär... nämeler etdirenok diýsene söýgi.. nähili ýagdaýlara getirenok.. şu wagt kerim agaň şu setiri aklyma geldi: "tas şahyr bolýadym, bolardym belkäm. şahyrlyk ýangyndan başlanýar eken..." nähili dogry aýdylan söz.. näçe bestseller romandyr eserlerin ýazyjylary, şekspirler, balzaklar, fizuliler, ýunus emreler, mollanepesdir kemineler we niçe ýazyjylar, ençeme dessanlar şu mowzuk sebäpli ölümsiz ýagny unudylmaz eserler we ýazyjylar boldylar...diýmek söýgi şeýle bir täsin zat bolmaly, hatda söýgini ýatladýan kiçijek zat gadyrly, gymmatly bolýar durubeýär.. meniň pikrimçe söýgide biraz gözelligiňem täsiri köpmikä diýýän. elbetde diňe dury gözellik däl, ýagny owadanlyk.. mysal üçin pikir gözelligi, many gözelligi, şekil gözelligi we birgiden gözellikler... we adamogly şol gözellikleriň birine maýyl bolýar... mysal üçin bir ýigit bir gyzy söýse elbetde owadanlygyna, belki-de edepliligine, hat-da belki-de eýjejik we näzikligine maýyl bolar... ine şondan soň başlaýar ähli zat... eýdip-beýdip ýakynlaşjak bolar... ah, niçäni ýandyran, niçäni söndüren, niçäni güldiren, niçäni öldiren...ýene-de söýgi.. p.s: ýazan zatlarym biraz hyýaly rusça aýtsak emosionalno bolup biler welin, söýgi barada aýdylsa duýgusyz galmak gaty kyn hat-da mümkin däl... barybir söýgüni duýmadyk adam söýgi hakda dogry, anyk sypatlandyrma aýdyp bilmez... _____________________________ aglama, ýazgydyň keçligi üçin, aglama bar zadyň giçligi üçin. görmek wajyp aýralygyn ajysyn. datmak üçin şat durmuşyň süýjüsin. ©.
ähli zat söygide !!!
-
betyigit
12 years ago
- richer dost ashaky goshgyng dolusyny yazsana gayrat et dost
-
Kleyten
12 years ago
- Soygim belli kesitlemesi yokdur.
garypjan 12 years ago- richer saoolaa. Ellerine saglyk. Señ aytýan sözleriñ içinde jan bar..