zaman gazetinden peydalanyldy Häzirki wagtlarda internet ulgamyndan önjeýli peýdalanmak, has dogrusy, wag­ty tygşytly ulanmak maksady bilen bü­tin dünýäniň ünsüni özüne çekýän zatla­ryň biri hem internetiň ýokary tizlikli bolmagydyr. Bu babatda internetiň ulanylyşy bilen baglanyşykly “Akamai” şereketi “Inter­netiň ýagdaýy” atly bir maglumatnama taýýarlady. Global alyp baryjy internet toruna gelen 1 trillion islegi bir ýere jemläp, seljeriş işlerini amala aşyr­dy. Maglumatnamada dünýä ýurtlaryn­daky internetiň ýagdaýy barada habar berilýär. “Akamai” şereketiniň hünär­menleriniň pikirine görä, internetiň tizli­gi hemmetaraplaýyn kämilleşýär. 2011-nji ýylyň birinji we ikinji çärýeklerinde internetiň tizligi 21 göterim artyp 2,6 Mbps-e çykypdyr. “Akamai” şereketiniň seljeren 80-den gowrak ýurdundaky in­ternetiň tizligi 10 göterim ýokarlanyp­dyr. ABŞ-da bolsa internetiň tizligi 26 göterim artypdyr. “Akamai” şereketiniň iň soňky maglumatnamasyna görä dün­ýädäki iň ýokary tizlikli internet Belgiýa­da. Bu ýurtda internete birikme tizligi 6.4 Mbps-e deňdir. Rumyniýada bolsa bu görkezijiniň 6.8 Mbps-e deňdigi ha­bar berilýär. Internete birikme tizligi Şweýsariýada 7.3 Mbps, Çehiýada 7.4 Mbps, Latwiýada 8.2 Mbps, Gollandiýa­da 8.5 Mbps, Ýaponiýada 8.9 Mbps, Gon­kongda 10.3 Mbps, Günorta Koreýada 13.8 Mbps bolupdyr.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir