Nä günüňe şat bolar sen, adamzat, Sansyz hatar ahu-zarlar alnyňda. Niçik takat kylar bir muşt toprak, Ýedi dowzah atly narlar alnyňda. Biwepada bäş gün bolan şadyňa, Aldanmagyn, ol gün düşer ýadyňa, Taňla onda hiç kim ýetmez dadyňa, Gabyr, lahat diýen darlar alnyňda. Biler sen, biwepa, ygtybaryň ýok, Ýaman iş kylmakdan özge käriň ýok, Eý, bigaýrat, namysyň ýok, aryň ýok, Howpu-hatar bişumarlar alnyňda. Zerre-zerre bir-bir sorsalar hasap, Rusyýa, şermende, berer sen jogap, Istär seni bermek üçin gaýyn, azap, Ýüz müň sansyz hyrydarlar alnyňda, Eşit bu dem eger bolsaň gaýratly, Halyň bolar günbe-günden haýhatly, Çakaýyn diýp, oturypdyr haýbatly, Bugra kibi ulug marlar alnyňda. Gapyl bolup emri magrup etmeseň, Bilip durup, dogry ýola gitmeseň, Ahyret ýaragyň munda tutmasaň, Peýdasyz puşeýman, zarlar alnyňda. Magtymguly, neçün gapyl ýörer sen, Bibaka dünýäde tä ki durar sen, Niçe sowda bar başynda, biler sen, Syrat üzre intizarlar alnyňda.
ALNYŇDA
-
M1
12 years ago
- biler sen, biwepa, ygtybaryn ýok,
ýaman iş kylmakdan özge käriň ýok,
eý, bigaýrat, namysyň ýok, aryň ýok,
howpu-hatar bişumarlar alnyňda.
Sagbol, adgjptv diyen kisha aydylan yaly
-
ahalyigidi
12 years ago
- bayba
-
muzazzi
12 years ago
- sagbol kop-kop))
-
asiya
12 years ago
- ....
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- bilip durup dogry yola gitman yormekden bizi Alla gorasyn
ahalyigidi 12 years ago- maşallah