dostlar, men-ä size döküp içimi, degişmejik üçin ýazýaryn şuny. bagyş eýlediň süýji ýatlamalary, wah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. billeň epilse-de aýakda dursyň, wah, billeriň epýän çäreler gursyn. kelläň tahýalyja şol entäp ýörşüň, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. sowuk gyşlar, yssy tomuslar, al-elwan ýazlar, çärelere gatnap epilde dyzlar, ýat boldy lak atylyp söýülýän gyzlar, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. gezildi şäheriň dagy hem düzi, kimleň içi agyrýar, kimleriň gözi. indi, ho-ol serdar ýoldaky ýolkalaram tanaýar bizi, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. şeýle agyr eken talyplyk ýüki, ýetmeýär özüne özüniň haky, bir arzuwym nahar, birisi uky, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. agarypdyr eýýäm saçymyň ýarsy, puç bolup barýar-la arzuwlaň barsy, ýekeje dynç güniň zary men, zary, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. güýzmi ýa tomusmy, gyşmy ýa bahar, bir başyňa düşýär müň dürli gahar, ne-hä suwuň ýetýär, ne-de bir nahar, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. kimseler ak ýürek, kimseler zalym, näçe okasam-da bolmadym alym, çäremi ýa okuw ýitirdim ýolum, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. talyp hak berilse gelersiň ylgap, sanapjyk alarsyň demiňi dürsäp, şol wagt algydar gelýändir haýdap, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. gije-gündiz diýmän gezdik çärede, şeýdip belet bolduk ýurdumyza-da, obed ýokdur, şonuň wagty bolsa-da, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. oraza,gurbanlyk,kanikul - tapawudy ýok, talyplar ýadowdyr, dekan keýpi kök, hem söýgi, hem okuw, aladalar köp, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. okuw, okuwdan soň marşyrowka, bakmazlar gözüňden syrygan ýaşa, bir gün-ä bomužsyň, bir günem "çyra", wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. dynç güni serdar ýol, ýogsamam çäre, men-ä haýran galdym çäreli käre. dillerimde goşgy, elde gitara, wah talyp ýyllarym, talyp ýyllarym. horlandym, süňklerim çümýär etime, setir durdyk sowuk garlaň üstünde, tas gaýnapdyk yssy günüň astynda, ufff, ýene-de iki ýylym ýatyr üstümde, wah, talyp ýyllarym, talyp ýyllarym! hiç geçmejek ýaly, talyp ýyllarym!

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir