Garaoglan han 19-njy asyryň birinji ýarymynda Ahalda geçen ady belli hanlaryň biridir. Ol häzirki Aşgabat etrabynyň obalarynyň birinde dogulýar. Tekeleriň togtamyş-wekil-ak wekil-garaöýme-onbegi tiresinden bolup, onuň kakasyna Baba onbegi diýlipdir. Baba onbegi öz döwüriniň gurply, sözi diňlenýän adamlarynyň biri bolypdyr.Garaoglan han bilen Nurberdi han Anan onbegiň neslinden bolansoň, olar babadaşdyr. Şonuň üçin Nurberdi Garaoglan hanyň hem azda-kände terbiýesini alypdyr. Garaoglan han ýaňy adygyp ugran Nurberdiniň ýaşdygyna garamazdan, birnäçe meselelerde onuň bilen geňeşipdir we maslahatyna eýeripdir. Garaoglan han ýaşlykdan gözsüz batyrlygy, edermenligi bilen tapawutlanypdyr. Ol şarlowuk, Tekegyrlan, Bendesen, Gireý gyrgynlygy (Gyzylarbat urşy) ýaly ençeme söweşlere ýolbaşçylyk edipdir. 1728-nji ýylda Eýran şasy tekeleri we ýemrelileri Durundan Horasana göçürýär. Duruna bolsa öz dikmesini goýýar. 19-njy asyryň ortalarynda tekeler bilen ýemreliler birigip, Duruny eýelemek üçin üç ýyllap söweşýärler. Bu söweşde Garaoglan han baştutanlyk edip, uly ýeňiş gazanýar. Şondan soň onuň at-owazasy bütin Ahala dolýar. Ol Oraz han, Gowşut han bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýar. 1846-njy ýylda Horasanly Salar hanyň Eýran şasyna garşy eden gozgalaňyna öz goşunlary bilen kömege barýar. Salar hanyň Maşat şäherini eýelemek ugrundaky söweşlerine hem gatnaşýar. Döwürdeşleri Mollenepes, Ýagmyr şahyr dagy öz goşgularynda Garaoglan hanyň edermenligi we adalatlylygyny köp taryplapdyrlar. Ýagmyr şahyryň bir goşgusynda oňa degişli şeýle setirler bar: Dostlar, Kesarkaçda bir är döräpdir, Akly dana, kämil käni Garaoglan Hak döwlet berendir bagty ýöräpdir Tekeli iliniň hany Garaoglan Garaoglan hanyň aradan çykan ýyly anyk belli däl, ýöne taryhy çeşmeleriň maglumatlaryna görä,1855-1856-nji ýylda Garaoglan han Gowşut handan öýkeläp giden Hojamşüküriň jan penasy bolýar. Şonda Hojamşüküriň yzyndan gelen töwellaçylaryň arasynda Garaoglan hanyň öçlüsi Guwwat ýirik hem bar eken. Şol ýerde ol Garaoglan hany atyp öldürýär. Garaoglan han Mary bilen Tejeniň aralygyndaky Jojukly stansiýanyň günbatarynda jaýlanypdyr. Garaoglan hanyň ogly Öweznepes serdaryň nesilleri häzir Aşgabat etrabynyň Gämi obasynda ýaşaýar. Garaoglan han ýurdy kese ýerli basybalyjylardan goramakda köp işleri bitiripdir, ol garyp ýa-da baý bolmagyna garamazdan, hemmelere deň göz bilen garap, ýurdy adalatly dolandyrmaga çalyşypdyr. Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir