gelin: öten-geçenden wehm eýle, gözleme, oglan, gözleme; şirin janyňa rehm eýle, gözleme, oglan, gözleme. ýigit: men bu sözlere bakmaryn, gözlärin, gelin, gözlärin; hiç bir kimseden gorkmaryn, gözlärin, gelin, gözlärin. gelin: meň bilen bolmasyn işiň, sadapdan paç alar dişim, ganyňy döker gardaşym, gözleme, oglan, gözleme. ýigit: seniň bilen bardyr işim, gözlärin, gelin, gözlärin. sadapdan paç alar dişiň, gözlärin, gelin, gözlärin. gelin: belent daglaryň gary sen, asaldan-zatdan ary sen, bisyrat ýüzüň gurusyn, gözleme, oglan, gözleme. ýigit: aşyk magşugyna gelmez, gelende-de oýnap gülmez, çyn aşykda haýa bolmaz, gözlärin, gelin, gözlärin. gelin: gaşym jellat, gözüm ýagy, ýüregimde goýduň dagy, ak ýüzden öpüş al dagy, gözleme, oglan, gözleme. ýigit: saba bolar goňşyň ýatmaz, söwer myradyna ýetmez, öpüş bilen bir iş bitmez, gözlärin, gelin, gözlärin. gelin: sallanyp gelgin oýnuma, goluňy salgyn boýnuma, bolmasa, gel, gir goýnuma, gözleme, oglan, gözleme. ýigit: mätäji diýr, ýagty gije, inçe biliň guça-guça, armanym ýok tä ölinçä, gözlärin, gelin, gözlärin.

Köneler, Richer tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir