Hemmäňize salam! Şu ýazgyda käbir türkmen saýtlary hakynda siziň bilen öz pikirlerimi paýlaşasym geldi. Ýagny "oka, döret, öwren" http/www.tmolympiad.org hem-de http/www.zehin.biz saýtlary hakynda. Bu saýtlar okuw, bilim, ylym bilen baglanyşykly bolup, öz öňünde goýýan maksatlary babatynda türkmen ýaşlary üçin peýdaly saýtlaryň biri bolup bilerdi. Ýöne özüm bir hepdeden bäri ýaňky saýtlara myhman höküminde girip çykýan. Bir hepdäniň dowamynda hiç hili (ýekeje gezek hem) üýtgeşiklik bolmady. Ýagdaý şeýle bolansoň mende tebigy ýagdaýda aşakdaky pikirler döreýär: Ýa saýtyň eýeleri öz saýtlaryna biperwaý, ýa-da okuwa bilime höwesli ýaşlar az. Daşary ýurt saýtlaryna gireniňde bolsa, gündelik täzelikler bolup dur. Hormatly agzalar we myhmanlar siz hem öz pikirleriňizi ýazsaňyz örän gowy bolardy. Hemmäňizi hormatlamak bilen matrisa.
Türkmen saýtlary hakynda
-
alemdarov
13 years ago
- hokman dost arkayyn bol, men ylym uranlardan
-
Abadan
13 years ago
- "oka öwren döret"diyen saytyn ön köp girilýän sayty,son sayty arhiw görnusinde goyupdylar,reg yapyp. Ýalnysmasam hoo arada mirasymyz agzamyz haýysty boyunca öyudyan saytyn reg acdylar.reg acylsada giryan agza kan yok diyen yaly.
Köp go$gy,hekayalar köp so saytda bo$ wagtyn okamana.
Zvertm 13 years ago- У меня вообще не заходит в этот сайт