tümüň ýary penjirämiz kakyldy. — salam! — salam, kim borsuňyz, eý, daýy? myhman jogap berdi örän akylly: — menmi? ajal. has dogrusy — ezraýyl. — gaty oňat. geliň, geçiň, oturyň. size haýsy gerek, kofemi ýa çaý? — maňa, gowsy, boş çüýşejik getiriň. ol seniň janyňy saklar örän jaý. — bagyşlaň. siz ýalňyşýan-a dälsiňiz. meniň keselim ýok. özümem juwan. belki, jaý nomerim ýalňyşansyňyz, men-ä, walla, hiç düşünip bilmeýän — ýok, men jaý nomerin ýalňşamok, ýok, men geldimmi — boş gitmäni halamok — bilýän, ýöne men ölesim gelenok, janym sagat, durmuşymdan nalamok. — sen ilk-ä aglama, soňam aldama, aldawyň köp bolsa, jezaňam artýar. onsoňam bilip goý, her bir adama meniň saýlap-seçen bir perişdom bar. ine, senin diýen sözleň barada, ser-edip gör, şunça fakt gowuşdy, — niçik?—diýip sorajakdym, şobada bir kitap gütüläp öňüme düşdi. kitaby agyz däl, göz bilen iýýen, düşünýän, arada bar ullakan syr: ýokarsynda meniň adym, familýam, in aşakda bolsa „ezrabylneşir“. ýüregimde zat galmady hemleden, şo pursat ajalym ýakyn göründi. bu iş meniň bir kitaba jemlenen ölüm hakyndaky goşgularymdy. — ine, indi bildin gerek, ýaş ýigit, neçün gelenimi tünuň ýarynda. seniň ahy-nalaň ýüregmi iýip, ýer tapmadym tünegimiň töründe. şatlykdan, begençden, ýaşlykdan ötüp, siz nämüçin beýle hala düşdüňiz, beýtmäň ahyr, işim özüme ýetik, meniň halys ýüregime düşdüňiz. juwan halyňyza gojadan beter çekýärsiňiz bu dünýäniň ahyny. her kimiň mütdedi wagtynda ýeter, siz bir entek azar bermäň ahyry. wasp ediň ýaşaýşy, beýik şatlygy. gözelleriň elden ýeňil öýmesin. ýat ediň ölüm — çyn berbatlygy, wasp ediň çagalaň säher deý sesin. eger, walla, erkim bolsa özümde, taşlap şu kärimi allaowarra, ýaşardym şadyýan ýeriň ýüzünde, guwanyp ýaş ýigit, gözeldir garra. men baran ýerimde ýatýar şagalaň, aýdym aýdylanok, çalnanok dutar. eger adam bolsa allatagalan meni beýle jeza etmezda duçar! birden onuň gözlerine ýaş gelip, bolşy meniň jigerima daglady. hasratdan müzzerip, bir gysym bolup, titräpler ykbalyndan aglady. dözmedim men ol pahyryň halyna, kärini unutdym bu şum apatyň. emaý bilen baryp onuň ýanyna, onuň bedibagt başyn sypadym. diýdim:—besdir, bozulma sen, ýaşuly, men-ä asyl höwrügäýdim seň bilen! köne ülpetler deý, köne dostlar deý, onuň bilen hümürdeşdik daňa çen. - äý — diýdi — bolsa-da aralarmyz daş, içimi bir dökeýin diýip gaýtdym. - bir gören tanyş bor, iki — garyndaş, kyn günüňde geläýgin — diýp aýtdym. — ýamanlyga duşmaweri ylaýym. derdim egsiläýdi diýen sözüňden. siz bir işli adam. zyýan bermäýin. işläň! — diýip, sumat boldy gözümden.
Gijeki myhman
-
Adidas
12 years ago
- Sagja bol dos oran gowy gosgy eken
-
Abadan
12 years ago
- Ölüm hakda öran sadalyk bn beyan edilen go$gy.
garypjan 12 years ago- sagbol gowy