ähli arzuw-islegleriň maksady, her bir adamyň ýaşaýşynyň maksady bagtdyr. hemmeler onuň gözlegindedir, sadaka diläp elini serýän gedaýdan başlap, elýetmez şöhrat bilen gurşalan monarha çenli hemmeler onuň ugrunda ser-sepildir. ýöne köplenç adamlar nähak azara galýandyrlar, ony ýok ýerinden gözleýändirler. şöhrat, baýlyk, sylag-hormat olara al salyp, albaý bulaýandyr. olar ony tutdum-tutdum diýenlerinde, salgym bolup görünýän ol eşret bada-bat gaýyp bolýandyr. bagty ýagşylykdan gözlemeli şeýtseň,  ony çalt tapýarsyň. biribara lükgeligiň bilen ynanmaly we päk wyjdanyň saňa abadançylygy üpjün eder. arzuw-islegiňde kanagatly bolup, diňe bolaýjak zatlary arzuw etmelidir. ýöne başa barmaýanda-da onçakly gynanmaz ýaly, juda uly zatlary arzuw etmeli däldir. söýeňde, paýhas bilen söýgün, söýgiňe mynasyp adamlary söýgün. täze-täze borçlary oýlap tapjak bolman, özüňe buýrulanlary berjaý etmeli we mal-döwlet barada alada edenden, ilki bilen janyň saglygy barada alada edeniň gowy. özüňe talapkär, owunjak etmişleriňe-de seresap bolup, iliň edenine-goýanyna onçakly baş galdyrmaly däldir. goý, sen her bir adam gowy görsün we sylasyn, ýöne sen hiç kimde howatyrlanma döretmez ýaly pespäl bolgun. mümkin boldugyça maňlaýy şorlara medet berip durgun, ýöne kömegiň üçin olardan taňryýalkasyn hantama bolmagyn, şeýtseň, ýagşylyga ýamanlyk etjege duşmajakdygyň bellidir. zähmete sarpa goýgun, şonda her bir işiň saňa ýakymly güýmenje bolar. yzda süýrenmegin, bilimi ele almakda öňe dyzagyn, ondan hasyl alar ýaly bilimi öwrenmeklige näçe ir başlasaň şonça gowy bolar. ol ýa beýleki maglumaty soň alsamam bolar diýip, bu günki işiňi ertä goýmagyn. ähli zar babatda ýagdaýyňa we ýaşyňa görä bolgun. garrylyk ýakynlaşýar diýip, basga düşmegin. ondan näme üçin gorkmalymyş? eýsem, ol biziň uzak wagtlap ýagşylyk edip ýaşanymyzyň sylagy dälmidir eýsem? garrylygyň öz lezzeti bardyr. ýöne  öz-özüňe sarpa goýanyňda, sylag-hormata mynasyp bolarsyň. bagtyň lezzetini görüp, bu dünýäni gaýgy-gamsyz, ökünç-puşmansyz terk etmek nesip etdirsin.

Köneler, Merw92 tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir