ylymy öwrenmegin ýollary hakynda söhbet. Matematikany her kim her hili usullar bilen öwrenýär. Sebäbi, öwreniş ukyplar dürli-dürli bolýar. Edil şonuň ýaly-da, tebigat ylymlaryny öwrenmek hem şeýledir. ABŞ-nyň alymlary bolsa, bu iki ylym öwrenilende, sazyň peýdasynyň bardygyny belleýärler. Saz beýniň işleýän böleklerine oňyn täsir edýär. Atlanta şäherindäki Jorjianyň Tehnologiýa institutynyň Saz zehini laboratoriýasynyň ylmy barlagçylary “Matematika we tebigat ylymlary öwrenilende, gowy mukamyň ýaňlanmagy beýnä oňaýly täsir edýär. Beýniniň kabul ediş ukybyny artdyrýar” diýip belleýärler. Laboratoriýanyň asly hindi bolan müdiri, saz ugrundan professor Parag Çordia meseläni çözmek babatynda beýni öýjüklerini barlandygyny aýdyp, sazyň möhümdigini belläp geçdi. Çordia: “Oňat inžener we işiňde täzelikçi bolmak, şeý le hem bilime has içgin aralaşyp bilmek üçin dörediji bolmalysyňyz. Saz bu me selede ýönekeý bir güýmenje däl-de, aslynda, zehin hem-de durmuş üçin möhüm zatdyr” diýýär.
Matematika saz diňlenilende, aňsat öwreniler
-
littil
13 years ago
- menem öň şuny eşidipdim. sposiba
-
KRIT
13 years ago
- mena 1 gezek eshdyan barlap gorern birdenka matematik bolsam sanga sag bolsyn aydarn ;)
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowy maslahat.
-
Kleyten
13 years ago
- Dogry pikir, cunki menem sheydip diyen yaly owrendim.
-
magnit
13 years ago
- yöne dogrusy menä matematika bilen dost däl ))
magnit 13 years ago