Beýik Biribaryň buýran zatlarynyň ählisi adamlaryň bähbitlerini göz öňünde tutýan hikmetlerden we peýdalardan doludyr. Allahyň buýruklaryndaky we gadagan eden zatlaryndaky bu hikmetleri we peýdalary bilmek ynsan üçin höweslendiriji, güýç-gaýrat beriji hem-de olary haram işlerden saklaýjy serişdedir. Göterimiň (prosentiň) haram kylynmagynda hem beýik many- mazmun ýatyr. Ýagny, göterimiň haram kylynmagy birinji nobatda adamlaryň, toparlaryň arasyndaky ylalaşygyň we asudalygyň berkarar bolmagyny göz öňünde tutýar. Muňa şeýleräk düşündiriş bermek bolar: Dinimiz baýlar bilen garyplaryň arasyndaky köpri bolan zekady buýurmak, göterimi bolsa gadagan etmek bilen adamlaryň bu gatlaklarynyň özara ylalaşygyny, hyzmatdaşlygyny, söýgini we hormaty berkarar edipdir. Allahyň ryzasy üçin zekat we göterimsiz karz bermegiň saýasynda garyp we baý adamyň arasyndaky ýigrenç duýgulary söýgä, gysgançlyk, görübilmezçilik ýaly duýgular doga-dilege öwrülýär. Zekat, sadaka we göterimsiz karz bermek ýaly ikitaraplaýyn kömek ýörelgeleri, süýthorlugyň tersine, adamda jomartlyk, beýlekilere kömek bermek häsiýetlerini emele getirýär. Göterim ynsanlaryň sungat, söwda we ekerançylyk ýaly halal gazanç ýollarynda zähmet çekmeklerine böwet bolýar, işlemek islegleriniň ýok bolmagyna getirýär we olary ýalta edýär. Göterimiň haram kylynmagynyň hikmetleriniň biri-de hut şu ýaramaz hadysalaryň öňüni almak bilen baglanyşyklydyr. Çünki puly köp bolup, halal bilen harama üns bermeýän adamlar süýthorluk arkaly öz baýlyklaryny işlemän artdyrmak mümkinçiliklerini alýandyklary üçin halal gazanç ýollary ikinji plana geçýär, adam ýatan ýerinden pul gazanmak ýaly örän ýeňil ýola baş goşýar we ýalta adama öwrülýär. Şahsyýetleri ahlaksyz we mugthor edýän göterim elinde mümkinçiligi bolmadyk garyp- gasarlary dawaçyl we durmuşdan nägile adama öwürýär. Göterimiň şahsyýetlere edýän bu täsirini durmuşyň beýleki pudaklarynda-da görmek bolýar. Ýagny, ykdysady durmuşa-da täsirini ýetirýär. Mysal üçin, önümçilikden gazanylan girdejiniň uly bölegi alnan kreditleriň göterimini tölemek üçin harçlanýar. Şeýlelikde, şahsyýetiň şahsyýete ýa-da döwletiň döwlete ykdysady garaşlylygy ýüze çykýar. Bu ýagdaý bolsa asudalyga we parahatçylyga howp salmaga başlaýar. Günbatar ýurtlarda 1830-njy ýylda emele gelen uly ykdysady krizis hem Ikinji Jahan urşunyň başlamagynyň sebäpleriniň biri bolupdy. Bu ykdysady krizisiň iň uly sebäbi-de göterimdi. Bu günki günde adamlaryň gün- güzeranynyň barha kynlaşmagynyň esasynda-da göterim ýatyr. Ýagny, köp ýurtlarda adamlar özüniň artykmaç puluny banka ýüzde 40 göterim bilen goýýar. Bank hem bu puly ýüzde 60-70 göterim bilen önümçilik bilen meşgullanýan adama, işewüre ýa-da söwdagäre berýär. Söwdagär ýa-da önüm öndürýän firmasatýan harydynyň ýa-da öndürýän önüminiň bahasynyň üstüne bu göterimi hem goşýar. Şeýlelikde, harydyň bahasy örän gymmatlaýar. Göterimine pul alan adamyň göterimi ödejek puldan başga-da öz görjek peýdasyny hem harydyň üstüne goşmagy, netijede, alyjynyň zyýan çekmegine sebäp bolýar. Häzirki döwürde bahalaryň barha artmagynyň sebäbini hem erkin göterim ykdysadyýetinden gözlemek dogrudyr. Göterimiň beýleki bir zyýany bolsa sermaýanyň baý adamlaryň elinde ýygnanmagydyr. Göterimiň üsti bilen pul ýygnaýan adam ýa-da gurama dürli reklama serişdelerinden hem peýdalanyp, halkyň puluny özünde jemleýär. Bu bolsa garyp adamlaryň barha garyplaşmaklaryna getirýär. Hawa, dünýäde abadançylygyň we asudalygyň berkarar bolmagyny isleýän adamzat göterime garşy göreşmäge mejburdyr. Akylly-başly her bir musulmanyň we ýaşaýan jemgyýeti barada alada edýän ynsanyň göterime garşy göreşmekleriniň sada we ýeňil ýoly göterimine pul berip- almazlyk, göterim bilen iş salyşýan adamlardyr guramalara kömek bermezlik we olar bilen hyzmatdaşlyk etmezlikdir. Emma bu ýol akylly-başly ulanylmalydyr we ol beýlekilere zyýan ýetirmeli däldir. Ýagny, ynsan diňe bir göterim bilen iş salyşmakdan saklanman, eýsem, mümkinçiligi bolsa zekatyny wagtly-wagtynda berip durmalydyr hem-de karza mätäç adamlara kömek bermelidir. Karz alan garyp adam hem mümkinçiligi bolan badyna karzyny üzlüşmelidir. Şeýdip karz beren adamyň beýleki mätäçlere- dekarz bermegini üpjün etmelidir. Umuman aýdylanda, göterimiň, süýthorlugyň zyýany ýöne- möne däldir. Göterim bilen eşgullanmak, ýagny süýthorluk başda bellenilişi ýaly, dinimiz tarapyndan berk ýazgarylýar. Onuň günäsi hem örän uludyr. Muny Muhammet Pygamberiň (s.a.w.) şu aşakdaky hadysy hem subut edýär. Onda şeýle diýilýär: "Süýthorluk ýetmiş üç hilidir. Onuň iň ýeňil hiliniň günäsi hem bir ynsanyň öz enesi bilen zyna edende gazanýan günäsine deňdir. Süýthorlugyň iň ýamany bir musulmanyň abraýyny dökmekdir. Allatagala süýthorluk sebäpli mal-mülki ýok edýär, sadaka sebäpli bolsa mal-mülk bereket berýär. Süýthorlukda mal-mülk artýan ýaly bolup görünse-de, onuň ahyrky netijesi azlyk we heläkçilikdir".
Näme üçin göterim(prosent) haram?
-
Miskin
13 years ago
- Allah (j.j.) razy bolsun. Sada we düşnükli ýazylypdyr. Inim,materialy alan çeňmäňi hem görkezip bilseň gowy boljak.
90-njy ýyllarda prosendine pul alyp, soň hem batyp näme etjegini bilmän özüni heläklänler hem bolupdy.
Ýa-da elindäki, öýündäki bolanja zatlaryny satyp prosentden dynýanlar hem bardy.
Käbir döwletleriň bolsa uly banklardan prosendine pul alyp soň şol bankyň ýyllar boýy garaşlylygynda bolýandygyny hem eşidýäris.
Allahu tealanyň bize her bir haram eden zadynyň aňyrsynda adamlara hökman, hökman bir zyýan ýatandyr.Eger biz düşünmesek hem. Haram edilen zada halal ýa-da halal edilen zada haram diýmek musulmany dinden çykarýar.
Tanamadykbamy 13 years ago- Copy_paste