eger kimdir birini ýylan çakan bolsa, onuň zäherli ýa zähersizdigini anyklajak boluň. olaryň dişleriniň yzy biri-birinden tapawunlanýar: zäherli ýylan.))gyýyk dişleriniň yzy zäherli ýylanlar çakanda köplenç 2 gyýyk dişleriniň yzy galýar. käwagt beýleki dişleriniň hem yzy galýar. zähersiz ýylan ))zähersiz ýylanlar çakanda diňe iki hatar dişleriniň yzy galýar, gyýyk dişleriň yzy ýok. adamlar köplenç adaty zyýansyz ýylanlary hem zäherli hasaplaýarlar. öz ýaşaýan ýeriňizde bar bolan ýylanlardan haýsylarynyň zäherli, haýsylarynyň bolsa zähersizdigini anyklajak boluň. adamlar gömülgenleri we pitonlary zäherlidir öýdýärler, emma bu beýle däl. olar zähersiz ýylanlardyr. gaýrat edip, zähersiz ýylanlary öldürmäň, sebäbi olaryň hiç zyýany yok. tersine, olar syçanlary we beýleki zyýanly jandarlary öldürip, bize peýda getirýärler. olaryň käbiri hatda zäherli ýylanlary hem öldürýärler. zäherli ýylanlar çakanda edilýän bejeriliş. 1. gozganmaň, çakylan ýeriňizi gymyldatmaň. siz näçe tiz hereket etseňiz, zäher şonçada tiz endamyňyza ýaýrar. eger aýakdan çakylan bolsa, şol adam asla hem ýöremeli däl. derrew lukmanyň yzyndan iberiň. 2. zäheriň çalt ýaýramazlygy üçin çakylan ýeri süýnýän hasa ýa arassa mata bilen daňyň. eli ýa aýagy gymyldatman, damar urmasyny duyup bolar ýaly edip, mäkäm saraň. damar urmasy duýulmasa, sargyny biraz gowşadyň. 3. eli ýa aýagy tutuşlygyna saraň. damar urgusynyň duýulýandygyna göz ýetiriň. 4. soňra aýagy suratda görkezilişi ýaly seýikläň, şonda ol gymyldamaz. 5. syrkawy zemmere mündürip (mümkin bolan ýagdaýynda), iň golaýdaky saglyk merkezine alyp gidiň. eger mümkin bolsa, çakan ýylany hem ýanyňyz bilen äkidiňzähere garşy derman etmeli bolsa, sanjym we şok ýagdaýynda görülmeli seresaplylyk çäreleri üçin ähli zatlaryňyz taýyn bolýança, sargyny aýyrmaň. eger zähere garşy derman bolmasa, sargyny aýryň. 6. agyryny aýrar ýaly parasetamol beriň (aspirin bermeli däl). mümkin bolan ýagdaýynda bürmek keseline garşy bolan sanjymy ediň. eger ýara infisirlenen bolsa, syrkawa penisillin beriň. 7. buz hem zäheriň endama ýaýramygyny haýallamaga we agyryny aýyrmaga kömek edýär. aýagy ýa eli süýnýän mata zolagy bilen ýa-da galyň mata bilen daňyň. soňra töweregine buz goýuň (uly mukdardaky buz derini we teni zaýalap bilýär. eger sowuk zerarly agyry peýda bolýan bolsa, haçan buzy birnäçe minutlyk aýyrmalydygyny syrkawyň özi çözsün. zäherli ýylanyň çakmagy örän howpludyr. derrew lukmana ýüz tutuň, ýöne oňa çenli ýokarda berlen maslahatlara eýeriň. ýylanlaryň çakmagyna garşy halk serişdeleriniň köpüsi örän az kömek edýär . ýylan çakandan soň hiç haçan spirt içmäň. bu örän erbet netijelere eltýändir
ýylanlaryň çakmagy
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- yatana yylan degmandir.
-
nohurlyagza
13 years ago
- gomulgen zahersiz diyyanmi nadogry
-
Tourist
13 years ago
yatana yylan degmandir.
ashyrdadebelarus |
2011-10-18 11:40:44
aldamasanaý, ana ýokaryñdakara degipdir
bembi 13 years ago- Sagja bol muzazzi gowy maslahatlary ýazypsyñ. Menem 7 klasda tomusky dync alyshda çöle goýun bakmaga gitdim 1 sentýabyrda okuw eshikleri, okuw esbaplary almaly boljakdy mañada bir copan 1 aý goyun bakysh puluñy berjek diýdi menem gitdim. Gùnortan goýunlar guýa suwa inderdimde özùm ýatyp galaýypdyryn. Tursam ýanymda ýylan bar özem dik galypdyr menem ýuwashlyk bn sùýshùp ugradym welin sag elimden cajaýdy. Ýöne bilýäñizmi muzazzi men ol ýylany gorkujugma ataýdym. Tùpeñ atmagy atam 5 nji klasda öwrdipdi. Soñ tùpeñ sesine copan goshdaky oglanlar geldi cakan ýerine krelin caldylar cishdi soñam möjegiñ dersini saradylar.