Umyt Garaýyş ters, Söýgi biwepa çyksa, Kyýamat gopanok, bil, Natuwan-a! Ynam-yrga, Dostam duşmanyň bolsa, Arzuw-Höwes-baky ekiz juwana, Şilliň şübhäň salgymynda azaşyp, Ne gözel bu durmuş görünende geň, Köňül içre hesret gurçuklaryny, Umyda gol berip sabyr bilen ýeň! Çünki inçe umyt berlendir hemmä, Deň berlen bar zadyň söhbetinden öň. Umydy bar hassaň sagalmagyna, Bendiň boşamaga möhletinden öň. Umydy bolmasa baglar güllärmi, Gör daglaram daşa dönüp söýýärler. Togtanyndan soňam ýürek urmasy, Umyt biraz garaşarmyş diýýärler. şahyr-ilmet gurban 16.03.-22.04.2011ý

Köneler, Patron tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir