Täzelikler. Zimbabweniň paýtagty Harareden psihbolnisanyň 20 sany hassasyny ýurduň ikinji uly şäheri bolan Bulawaýo şäherine alyp barýan awtobusyň sürüjisi ýolda kafeniň ýanynda piwo içmek üçin awtobusyny saklaýar. Piwo satyn alyp awtobusyň ýanyna gelse, awtobusyň boşdugyny, içinde 20 hassadan biriniňem ýokdugyny gören sürüji näme etjegini bilmeýär. Soňra ol hassalary ýitirdim diýip barmaga gorkup, ýakyndaky awtobus duralgasyna barýar we şol ýerden 20 sany ýolagçyny awtobusa mündürýär. Olary eltip hassahana tabşyrýar (hassalar diýip aldap). Tabşyran wagty hem, hassalaryň köpüsiniň gaty keçjaldygyny, diýen etmezek we men sag diýşip durandyklaryny aýdýar. Üç günden soň psihbolnisanyň lukmanlary getirilen adamlaryň hakyky hassa däldikleri barada şübhelenip ugraýarlar. Şoňa çenli bolsa hassa diýip getirilenleri, sözlerine ynanman ukol zat edip erbet kösäpdirler. Gaçan hassalardan bolsa entek derek ýok. Iň soňky täzelikler gullugy.
Zimbabwede bolan waka.
-
Friendship
13 years ago
- No comment!
-
ahmetjan18
13 years ago
- :-)
nohurlyagza 13 years ago- friendship atly agza habar ýazsan shunnaly ýazsana.