gadym döwürlerde adam ýabany haýwanlary awlanda, ir-iýmişleri ýygnanda, köp ýöremeli bolýardy, käte uzakly gün aýak üstünde bolmaly bolýardy. emma mälim bolşy ýaly, ýaltalyk – ösüşiň (progressiň) herekete getirijisidir. adam akyl taýdan ösdügiçe, işlemezligiň hem iň kämil ýollaryny oýlap tapyp, az hereketlenip başlady. biziň günlerimizde tehnika enjamlarynyň we serişdeleriniň güýçli depgin bilen ösmegi adamlaryň az hereketlenmegine mümkinçilik döredýär. awtoulaglar, kir ýuwujy maşynlar, tozan sorujylar, tehniki serişdeleriň pult arkaly dolandyrylmagy, umuman, sanasaň sanap oturmaly. ýöne bularyň bary adamlaryň durmuşyny ýeňilletmek bilen, onuň saglygyna belli bir derejede zyýan hem berýändir. sebäbi adamlar az hereket edýärler, bu bolsa kem-kemden saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. arassa howada gezelenç etmegiň berýän peýdasy: iş we dynç almak üçin kuwwatlandyrýar; ýüregiň täç görnüşli damarlarynyň şikeslenmeginiň öňüni alýar; dartgynlylygy aýyrýar; agramyňyzyň kada laýyk bolmagyna ýardam berýär; muskulaturany berkidýär; ýokary gan basyşyň öňüni alýar we bejerýär; gandaky şekeriň derejesine gözegçilik edýär; süňkleriň inçelmeginiň öňüni alýar; aňsat uklamaga we rahat ýatmaga kömek edýär. dogry iýmitlenme, arassa howa we pyýada ýöremek siziň bedeniňizi, ruhuňyzy sagdyn, pikirleriňizi ýagty we aýdyň eder!
Pyýada ýöremegiň peýdasy
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol,dost.
-
byagulechka
13 years ago
- Muzzari sizin yazmagynyzda yenede bir peydaly tema,minnetdar :)
-
mirasymyz
13 years ago
- Muzazzi ýene bir gezek sagboluň. temalaňňyzyň höwri köp bolsun.
Ezba 13 years ago- Muazzi sena lukman bolmaly