göwnüm, gözlem ejizmi gelejege garara, gara gözlim, sen neçün geleňok bir karara. bilemok men başynda ne hyýallar aýlanýar, hyýallaryň ýumagyn göwün içre sarara sabyrym az meniň-ä, bilemok sen nähili, takat ýok mundan aňry, gyz, ýoluňa garara. gel, gözel, messan basyp, syýa zülpüňi çözlap, eliňde şana boryn zülplerini darara. ýanymda hemra bolsaň, alys ýolum ýakyndyr, ejizligme boýun men ýarsyz başym çarara. söýjegiňe boýun men, söýmejegňe gümana, hakyky ýar gerekdir ýar göwnüne ýarara. belki gözel göwnüne gidýändir gara güman, aýdaý, gyz, name sebäp "yok" diýip baş yrara. ugruňda men ne hassa, ne bir dali, ne-de sag, örtäp ýörme, gel indi, geläý belli karara.
Geläý belli karara
-
HALYPA
13 years ago
- sabyrym azdyr meniň-ä, bilemok sen nähili,
diysen hasam gowy eyyam mena saza gosup otyryn
aydym ucin gaty gowy
ber bagsy gorgulilere
-
HALYPA
13 years ago
- Tansawalniy aydym bolor
-
Tourist
13 years ago
- Goysanai:-)
-
ALADIN
13 years ago
- atash gaty gowy go$gular ýazypsyñ köp sag bol.a$agyndan awtorynam görkezen bolsañ biz ücin has göwünejaý bolardy
Mollanepes 13 years ago- gowy goshgy,degishmerak yalyrak-da.Soygi hakda gowy manyly yazylan goshgular,bir hili degishmerak yaly:)Galamyn ujy yiti bolsun!