Sen dymyaň, ondan bari ýyl geçdi, Sen meni eýläniň bäri Mejnunyň. Men seni söýmedim ahyr bilgeşli, Men seni söýmedim ahyr mejbury. Zeýrenme, bu yşka sataşanyna, Hemem yşkyň ataşyndan eýlenme. Söýülmek gyzlara uly bagtdyr, A ýigitler üçin bir gez beýgelme. Neçüýn güýz güli deý barýarsyn solup, Hem neçüýn söýgime ynam edeňok?! Söýgin namedigni, güýjüni onuň Düşündirmez hiç şahyr, hiç pedagog Gelseň gussalary sowup bir ýana, Omrüme berilseň ykbal göterlip. Meniň çöken göwnüm galkyndyrmana Seniň tämiz ýylgyryşlaň ýeterlik.
Sen dymyaň, ondan bari ýyl geçdi,
-
ashykoglan
13 years ago
- bet goshgy, sagbol paylasanyna.
-
Patron
13 years ago
- Goshgyn uchin sagjabol dostjan!!!
-
Warsaky
13 years ago
- Galamyn ujy yitelsin yene,
Gowra dal, goni yurege çene.
Sozlerin sunnalap-sunnalap yonup
Yatsyn yureklerde ahyrky gune.
garypjan 13 years ago- Gowy goshgy