Essalamaleýkum gadyrly talypkomçylar biler bolsaňyz Idris Şanyň “Derwişler ertekisi”-den bir parça hödürlemekçi. Mümkün göwnüňize ýarar diýip umyt edýän. Aslyýetinde bu käbir talypkomçylaryň logika düşünjesini artdyrmana mümkin we pikiriniň kämil ösmegine kömek berer. Okaň we lezzet alyň ! Bir dagyň aňyrsynda ullakan şäher bardy, onyň ähli ýaşaýjylary körduler. Ynha bir gün, keseki padşa öz goşyny bilen şäheriň gyrasyndaky bir çöllük ýerde mesgen tutýar. Onyň goşunynda köp urşlarda, ady şöhratlanan bir urşyjy pil bar eken. Onyň bir sypaty bilen duşmany eýmendirýär eken. “Pil diýilýän jandar nähili zatkan”- diýip şäheriň ähli ýaşaýjylary sabyrsyzlyk bilen bilesleri gelipdir.Ynha bir gun, şäherden, körleň jemgiýetinden bir topar adam saýlanyp, bu piliň nämedigini çözmek üçin padşanyň ýanyna rowana bolýarlar. Piliň nähili zatdygyna birjikde düşünmeýän kör adamlar, piliň ähli tarapyna geçip elleri bilen sypalap sermenip, elläp görýäler. Her kim bir bölegini elläp, “indi bu piliň näme zatdygyna düşündüm”, “men indi bu pil barada hemme zat bilýän”- diýip her kim özüni makul bilýär. Haçanda olar şähere gaýdyp baranda, sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran şäherçiler olaryň daşyna üýşüp durýar. Hakykaty bildim diýen ol körleriň ýanyna gelen kör halk, kimiň näme hakykat aýtýandygyny bilesleri gelipdi. Ol pili gören kör ekspertlerden, piliň nähili formadandygyny soraýardylar we olaryň düşündürýän zatlaryny diňleýärdiler 1-nji piliň gulagny elläp gören kör:” Pil-bu bir ullakan, giň, halyň ýüzi ýaly bir zat”-diýär. 2-nji piliň holtumyny elläp gören kör:”Men size dogrymy aýdyp biljek, bu hakykatdanda ujy deşik turba meňzeýär, özüniňem gaty gorkunç , sizi helägem edip bilýär”-diýär. 3-jisi-“O pil daşdan ýasalan sütün ýaly berk we ullakan “-diýän nägile üçinji kör ,piliň aýagyny we dabanyny elläp görüpdi Her biri piliň haýsam bolsa bir ýerini elläp görüpdi. We her bir kör ýalňyş düşünüpdi. Olar akyly bilen bu bölekleýin zat bütenleýin bir zatdygyna aňyp bilmediler: sebäbi bilim we ylym körleň hemrasy bolup bilmeýär. Pili göz öňüne getiren kör ynsanlar, hakykatdan daşdadylar. Oýlanyp ýönekeý pikir bilen Taňryň ýardanyna düşünüp bolmaýar. Ýönekeý pikirleriň kömegi bilen dogry ýolyň dersini alyp gidip bolmaýar.(Sebäbine düşünmän aýtmaly däl) ________________________________________ * Bu taryh Rumiň “Mesnewi” diýen kitabynyň “Garaňky tamyň içindäki pil” diýen eserinden alyndy. Bu gürrüňi Hekim Sanaýi diýen adam, “Hakykat bagynyň daşyna oralan haýat” diýen özüniň klassiki sopyçylyk kitabynda gaty irden bäri ulanyp gelendigini ýatlaýar. Ol 1441-nji ýylda ýogalýar. * Bu gürrüňleri sopylaryň logika taýdan pikir etmek maksadyny gowylandyrmak üçin döredilen hekaýa Bu gurrüň asyrlar boýy aýalanyp bizizň günlerimize ýetipdir.
Idris Şa. Derwişleriň ertekisi "Körler we pil."
-
Richer
13 years ago
- mena dine Tom and Jerry kop goryadik yone taryhda nahili boldyka taryhda name gordilerka ?
-
YaSwami
13 years ago
- wasýa bn joharu, talypkomyň garagol oglonlary Sizede erteki okapmydylar,ýa başga zat görkezdilermi,sögünmäňhow, ikiňizemaä logikaňyz erbet däl,gaharyny ýuwudan,şol beýikdir,öwremiň
-
YaSwami
13 years ago
- mena dine Tom and Jerry kop goryadik yone taryhda nahili boldyka taryhda name gordilerka ?
Richer
Jogap:
Taryhda, aýdylan zatlary göz öňüne getirip, bilipdirler, kinony göz öňňunde-de görüp bolýara, meselem "Müň bir gije" atly arap ertekisini okamda, kino ýaly göz öňume getirýardim, gaty gyzykly bolýady, indi welin tüweleme, disc, dvd,cd,blureý, garaz sanasaň sogaby bar!
-
Esma
13 years ago
- sagbol yaswami! Minnetdar,gaty manysy uly. Shol diyyan zatlan baram bolsa ejemjan bizi seyle manyly ertekiler bilen ulaltdy. Dogry kichikan kan bir many alanok, yone ulaldygyn sayyn gowy ynsan bolmagyna hayry degyamika diyyan.
-
YaSwami
13 years ago
- sagbol yaswami! Minnetdar,gaty manysy uly. Shol diyyan zatlan baram bolsa ejemjan bizi seyle manyly ertekiler bilen ulaltdy. Dogry kichikan kan bir many alanok, yone ulaldygyn sayyn gowy ynsan bolmagyna hayry degyamika diyyan.
Esma
Jogap:
Ertikide ullakan many ýatyr, dogrydanda ertekinem, görüp otyrsa``n soň manysyna düşünýän keniň, okanyňyza örän şat ! :)
-
Galtush
12 years ago
- saul jim, gowja erteki:-)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- dogrymy aytsam bu erteking 2-3 gornushini eshitdim,okadym.manysynam cakyp aldym.meni kop gaytalanyp eshidilen erteking dalde yokarsyndaky kartina ozune cekdi.(ozum hudoznik bolanym un) yone senden bashga zady :logika name,talyplar.com'yn agzalary shu temany okap oz logikasyny osdurip bilya diyen payhas bn aydylmadyk yaly bolup dur meng gownume.logika name,shu temang com-dakylang logika baylygyny osdurmage nahili peydasy bar!? Shuny dushundirip bermegingi hayysh edyan
-
Kamilligetarap
12 years ago
- dogrymy aytsam bu erteking 2-3 gornushini eshitdim,okadym.manysynam cakyp aldym.meni kop gaytalanyp eshidilen erteking dalde yokarsyndaky kartina ozune cekdi.(ozum hudoznik bolanym un) yone senden bashga zady :logika name,talyplar.com'yn agzalary shu temany okap oz logikasyny osdurip bilya diyen payhas bn aydylmadyk yaly bolup dur meng gownume.logika name,shu temang com-dakylang logika baylygyny osdurmage nahili peydasy bar!? Shuny dushundirip bermegingi hayysh edyan
YaSwami 13 years ago- Kiçikäň`iz erteki bir aýdyp berýamidiler, ýa "bar mikkimaus gör dp televizoryň öňünde otyrtýamydylar ?